Köp soralýan soraglar
Köp soralýan soraglar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran 9925-nji karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän harytlaryň sanawyna (4-nji goşundy) laýyklykda, hususy telekeçileriň we şahsy taraplaryň şu azyk harytlaryny (önümlerini) Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gitmegine rugsat berilýär:

1. Alkogolly içgiler

2. Mineral suw

3. Alkogolsyz içgiler

4. Gök we bakja önümleri, ir-iýmişler

5. Makaron önümleri

6. Ary baly

7. Nahar duzy

8. Pomidor goýutmasy

9. Doňdurma we düzüminde kakao bolan ýa-da bolmadyk iýmitlik buzuň beýleki görnüşleri

10. Mineral bejeriş suwlary

11. Gaplanan gök we miwe önümleri

12. Süýji-köke önümleri

13. Balyk konserwleri

14. Pagta ýagy

«Harytlaryň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegi kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 2-nji dekabrynda çykaran 10716-njy karary bilen tassyklanylan Türkmenistana getirilmegi we onuň çäginden alnyp gidilmegi (iberilmegi) gadagan edilen harytlaryň sanawynyň (2-nji goşundy) üçünji bölegine laýyklykda, buýan kökini we buýan köküniň şiresini şahsy taraplaryň Türkmenistandan alyp gitmegi (ibermegi) gadagan edilýär.

«Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «däne» diýlip, azyklyk,tohumlyk, ot iýmlik we tehniki maksatlar üçin peýdalanylýan däneli, kösükli we ýag alynýan ekinleriň dänesine düşünilýär. Şoňa laýyklykda, mäş dänesi hem alnyp gidilmegi (iberilmegi) gadagan edilen dänelere degişli bolup durýar.

Daşary ýurt harytlary Türkmenistanyň çäginde gaplanylyp reeksport edilmegi üçin getirilen mahaly gümrük ammary gümrük düzgünine mälim edilen ýagdaýynda, «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda, ol harytlar sertifikatlaşdyrylmaga degişli bolmaýar. Şonda ol harytlar gümrük ammarynda gaplanylyp, reeksport edilmäge degişli bolýar.

«Harytlaryň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegi kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 2-nji dekabrynda çykaran 10716-njy karary bilen tassyklanylan, Türkmenistana getirilmegi we onuň çäginden alnyp gidilmegi (iberilmegi) gadagan edilen harytlaryň sanawyna (2-nji goşundy) laýyklykda gysylan gaz üçin ballonlary (kislorod ballonlary) şahsy taraplara Türkmenistandan alyp gitmek (ibermek) gadagan edilýär. 

 «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 9-njy iýunynda çykaran 252-nji kararyna laýyklykda, Türkmenistanda öndürilýän harytlary we önümleri döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda döredilen daşary ýurtlardaky söwda öýlerine satmak hem-de döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplaryň we hususy telekeçileriň öz öndüren harytlaryny we önümlerini, şeýle hem döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplardan we hususy telekeçilerden, ilatdan satyn alan, bahasy 200 000 (iki ýüz müň) amerikan dollaryndan (ýa-da şoňa barabar milli puldan ýa-da beýleki daşary ýurt pulundan) köp bolmadyk harytlaryny (çig maly) eksport etmegi bilen bagly şertnamalar birža söwdalaryna gatnaşmazdan baglaşylyp bilner.

«Harytlaryň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegi kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 2-nji dekabrynda çykaran 10716-njy karary bilen tassyklanylan, Türkmenistana getirilmegi we onuň çäginden alnyp (iberilmegi) gadagan edilen harytlaryň sanawyna (2-nji goşundy) laýyklykda, oba hojalyk tehnikalary we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny şahsy taraplara Türkmenistandan alyp gitmek (ibermek) gadagan edilýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran 9925-nji karary bilen tassyklanylan Hususy telekeçiler we şahsy taraplar tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary bellenen harytlaryň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberlerine (3-nji goşundy) laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilýän gara metaldan ýasalan önümleriň 1 tonnasy üçin 100 amerikan dollary möçberde gümrük pajy bellenen.

«Derini we ony gaýtadan işlemekden alynýan göni hem-de ýüňi daşary ýurtlara ýerlemegi kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14107-nji kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere deri çig malynyň ähli görnüşlerini, derini ilkinji gezek gaýtadan işlemekden alynýan göni hem-de Türkmenistanda öndürilýän ýüňi (saryja goýnunyň ýazlyk ýüňünden başga) ýuwlan we ýuwulmadyk görnüşde daşary ýurtlara bellenen tertipde ýerlemäge ygtyýar berlen.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran 9925-nji karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän harytlaryň sanawyna (4-nji goşundy) laýyklykda, gök we bakja önümleri, ir iýmişler üçin iýul-awgust aýlarynda gümrük paçlary tölenilmeýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran 9925-nji karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän harytlaryň sanawyna (4-nji goşundy) laýyklykda, hususy telekeçiler alkogolsyz içgileri gümrük paçlary tölemezden we mukdar taýdan çäklendirmezden eksport edip bilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda çykaran 3643-nji buýrugy bilen tassyklanylan, Erkin ýörgünli daşary ýurt puluna ýerlenilmäge degişli önümleriň sanawyna (2-nji goşundy) laýyklykda, jins matasynyň ähli görnüşleri erkin ýörgünli daşary ýurt puluna ýerlenilmäge degişli diýlip bellenendigi sebäpli, daşary ýurtlara milli manadymyzda ýerlemäge rugsat berilmeýär.

«Harytlaryň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegi kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 2-nji dekabrynda çykaran 10716-njy karary bilen tassyklanylan, Döwlet edaralaryň ygtyýarnamasy boýunça Türkmenistana getirilýän we onuň çäginden alnyp gidilýan harytlaryň sanawyna (1-nji goşundy) laýyklykda, garaköli baganany Türkmenistanyň çäginden alyp gitmek üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ygtyýarnamasy zerur bolup durýar.

«Harytlaryň käbir görnüşlerini Türkmenistana getirilende we onuň çäginden daşary alnyp gidilende gümrük paçlarynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-nji fewralynda çykaran 1689-njy karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawyna hem-de gümrük pajynyň möçberine (2-nji goşundy) laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende iri şahly malyň çig derisine 1 kg üçin 1 amerikan dollary gümrük pajy bellenen.

Türkmenistanyň Gümrük Kodeksiniň 47-nji maddasyna laýyklykda, içerki gümrük üstaşyrynyň aňryçäk möhleti on günden geçip bilmez, aýratyn halatlarda bolsa, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan içerki gümrük üstaşyryna rugsat alnan gününden ýigrimi günden geçmeýän uzagrak möhlet (demir ýol ulaglary üçin ulanylýar) hem bellenilip bilner.

 

«Harytlaryň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegi kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 2-nji dekabrynda çykaran 10716-njy karary bilen tassyklanylan, Türkmenistana getirilmegi we onuň çäginden alnyp gidilmegi (iberilmegi) gadagan edilen harytlaryň sanawyna (2-nji goşundy) laýyklykda mäheklenmedik zergärçilik önümleri şahsy taraplara Türkmenistandan alyp gitmek (ibermek) gadagan edilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda çykaran 3643-nji buýrugy bilen tassyklanylan, Daşary ýurt bazarlarynda ýerlemek üçin alnyp gidilmegi gadagan edilen çig mallaryň, harytlaryň we önümleriň sanawyna (1-nji goşundy) laýyklykda, gara we reňkli metallaryň böleklerini we galyndylaryny Türkmenistanyň çäginden alyp gitmek gadagan.

«Harytlaryň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegi kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 2-nji dekabrynda çykaran 10716-njy karary bilen tassyklanylan, Türkmenistana getirilmegi we onuň çäginden alnyp (iberilmegi) gadagan edilen harytlaryň sanawyna (2-nji goşundy) laýyklykda, diri mallary we öý guşlary hususy telekeçileriň (şahsy taraplaryň) Türkmenistandan alyp gitmegi (ibermegi) gadagan edilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 5-nji iýulynda çykaran 14861-nji karary bilen tassyklanylan, Başga ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilip bilinjek harytlaryň görnüşleri hem-de olary gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň talaplary we şertlerine laýyklykda, harytlaryň gurluşyk we nebit işlerini geçirmek, önümçiligi ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň gümrük serhedinden synag etmek üçin geçirilýändigi barada, gurluşyk we nebit işlerini geçirmek, ýola goýulýan önümçilik çygrynda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan resmi hatyň gümrük edarasyna berilmegi, gurluşyk we nebit işlerini geçirmek, önümçiligi ýola goýmak maksady bilen Türkmenistanyň gümrük serhedinden synag etmek üçin geçirilýän mineral önümleriň, gurluşyk materiallaryň, himiýa senagatynyň önümleriniň, ösümlikden edilen önümleriň we beýleki çig malyň nusgalary hem-de nusgalyklary ýörite gümrük düzgüninde (ýönekeý tertipde) resmileşdirilýär.

Agzalan düzgün şu harytlara degişli däldir:

Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi hem-de alnyp gidilmegi gadagan edilen harytlara;

Türkmenistanyň kanunçylygynda goşmaça töleg bellenen harytlara;

iýmit önümlerine;

gümrük edarasyna mälim edilen senesinde gümrük bahasy puluň resmi hümmeti boýunça 1000 amerikan dollaryndan geçýän harytlara.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran 9925-nji karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän harytlaryň sanawyna (4-nji goşundy) laýyklykda, hususy telekeçileriň we şahsy taraplaryň Türkmenistanyň çäklerinden alyp gidýän elde dokalan haly we haly önümleri üçin gümrük paçlary tölenilmeýär we ol harytlar mukdar taýdan çäklendirilmeýär.

Türkmenistanyň çäginden alnyp gidilýän awtoulaglaryň öndürilen ýyly babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda çäklendirmeler ýok.

«Harytlaryň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegi kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 2-nji dekabrynda çykaran 10716-njy karary bilen tassyklanylan, Türkmenistana getirilmegi we onuň çäginden alnyp (iberilmegi) gadagan edilen harytlaryň sanawyna (2-nji goşundy) laýyklykda, janly we jansyz bekre balygyny, onuň böleklerini we ondan alynýan önümleri şahsy taraplara Türkmenistandan alyp gitmek (ibermek) gadagan edilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda çykaran 3643-nji buýrugy bilen tassyklanylan, Daşary ýurt bazarlarynda ýerlemek üçin alnyp gidilmegi gadagan edilen çig mallaryň, harytlaryň we önümleriň sanawyna (1-nji goşundy) laýyklykda, gurluşykda ulanylýan inert materiallary (şol sanda, dagyň daşlary, daşlar, çagyl we beýleki magdan däl materiallar) Türkmenistanyň çäginden alyp gitmek gadagan..