Habar

        Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelýän wekiller türkmen myhmansöýerliginiň iň naýbaşy däpleri bilen garşylanylýar. Myhmanlary bökdençsiz geçirmek üçin Türkmenbaşy halkara howa menziliniň Gümrük gözegçilik nokadynda işler gije-gündizleýin tertibinde amala aşyrylýar.

         

Myhmanlaryň ýany bilen getirýän el goşlaryny gümrük gözegçilik barlaglaryndan bökdençsiz we dessine geçirilmegini üpjün etmek üçin bu ýerleri gümrük barlag enjamlary, innowasion serişdeleri bilen doly üpjün edildi. Gümrük amallaryny has-da ýeňilleşdirmek üçin, Gümrük gözegçilik-geçiriş ýerinde ýörite ýaşyl geçelgeler hem döredildi. Munuň özi myhmanlaryň çalt we ýeňilleşdirilen görnüşde geçmegini doly üpjün edýär. 

Bulardan başga-da, bu ýerde elektron maglumat serişdeleri hem ornaşdyryldy. Bu maglumat serişdeleri arkaly ýurdumyzyň gümrük kanunçylygy bilen bagly dürli maglumatlary türkmen, iňlis we rus dillerinde peýdalanmak mümkinçiligi döredildi.

Daşary döwletleriň wekilleri türkmen myhmansöýerligine we gözegçilik-geçiriş ýerlerinde döredilen şertlere ýokary baha berýärler. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilýän Awaza forumy Bitarap Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.