
2025-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň Gümrük hyzmatdaşlygy komitetiniň 24-nji ýygnagy Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirildi. Duşuşyga CAREC agza ýurtlaryň gümrük edaralarynyň wekilleri, Aziýa Ösüş Banky, Koreýa Gümrük Gullugy, halkara bilermenler we ösüş hyzmatdaşlary gatnaşdy.
Duşuşygyň maksady, 2024–2025-nji ýyllar üçin Gümrük hyzmatdaşlygy komitetiniň iş meýilnamasynyň çäginde sebitleýin we milli taslamalaryň durmuşa geçirilişine syn bermek, söwdany ýeňilleşdirmek başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşmak we töwekgelçiligi toplumlaýyn dolandyrmak, sebitleýin üstaşyr amallaryny ýönekeýleşdirmek, kagyzsyz söwdany sanlylaşdyrmak we ösdürmek hem-de «ýaşyl gümrük» ýörelgelerini girizmek ýaly hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny düzmekden ybarat boldy.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar CAREC Toplumlaýyn Söwda Gün tertibiniň 2030-njy ýylyň durmuşa geçirilmeginiň netijeleri, Giňeldilen Üstaşyr Ulgamynyň synag tapgyrynyň gidişi, ulag we logistika infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem Ygtyýarly ykdysady operatorlary we serhetaşa kagyzsyz söwdany goldamak çäreleri barada pikir alyşdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna Gullugyň gümrük gözegçiligi guramak bölüminiň müdiri we şol bölümiň işgäri wekilçilik etdi. Wekiliýet gümrük dolandyryşy babatynda häzirki milli taslamalar, ýagny sanlylaşdyrmak, üstaşyr amallaryny gowulandyrmak we CAREC-iň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda ädilen ädimler barada çykyş etdi.
Duşuşykdan soň Gümrük hyzmatdaşlygy komitetiniň 2025-2026-njy ýyllar üçin iş meýilnamasynyň taslamasy ylalaşyldy we GHK-nyň 24-nji mejlisiniň beýany kabul edildi.