
2025-nji ýylyň 14-16-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi we Dubaý şäherlerine iş saparyny amala aşyrdylar. Sapar Abu-Dabi şäheriniň Gümrükhanasy tarapyndan BMG-niň Halkara Söwda Merkezi bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.
«Gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagy we awtomatizasiýasy, emeli aň ulgamlaryny ornaşdyrmak babatda öňdebaryjy tejribe bilen tanyşmak» mowzugyna bagyşlanan bu saparyň çäklerinde wekiliýet “AD Ports Group” kompaniýasynyň hem-de Abu-Dabi şäheriniň Gümrükhanasynyň işi bilen ýakyndan tanyşdylar, şeýle hem Dubaý şäherinde geçirilen “GITEX Global 2025” halkara sergisine gatnaşdylar.
Saparyň dowamynda emeli aň ulgamyny gümrük işine ornaşdyrmak, maglumat ulgamlaryny birleşdirmek, töwekgelçiligi dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, şeýle hem gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak babatda BAE-de gazanylan öňdebaryjy tejribeler öwrenildi.