2025-nji ýylda ýurdumyzyň daşary söwdasynda eksport-import amallary üçin jemi 189 954 sany ygtyýarnamalar we rugsatnamalar elektron görnüşinde «Bir penjire» ulgamynyň üsti bilen resmileşdirildi. Bu görkeziji 2024-nji ýyla görä 2,7 esse ýokarlandy.
Häzirki wagtda «Bir penjire» ulgamynyň işi Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Gözegçilik-seljeriş merkeziniň üsti bilen utgaşdyrylýar. Ýagny, «Bir penjire» ulgamynda işleýän gözegçilik edaralary tarapyndan daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň ýüz tutmalaryny öz wagtynda hasaba alynmagyna we resmileşdirilmegine göni ýaýlymda gözegçilik edilýär. Bu bolsa, eksport-import amallary üçin sarp edilýän wagtyň gysgalmagyna we iş netijeliliginiň ýokary bolmagyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyzyň 19 sany ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň eksport we import amallary bilen bagly 29 sany hyzmatlary jemlenip, 7/24 tertibinde işleýär. Şeýle hem, bir gije-gündiziň dowamynda 1000-e golaý rugsat beriş resminamasyny resmileşdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ulgamda 12 000-den gowrak daşary ykdysady işiň gatnaşyjylary hasaba alnyp, olaryň sany yzygiderli artýar.