2026-njy ýylyň 16-17-nji aprelinde Brýusselde Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) ştab-kwartirasynda Guramanyň Ýewropa sebitiniň Gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň her ýylky maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetimiz işjeň gatnaşdy.
Bu ýylky Maslahat Bütindünýä gümrük guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça wise-başlygy Megan Şounyň ýolbaşçylygy astynda geçdi. Maslahat Ýewropa sebitindäki ýurtlaryň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylaryny, Sebitleýin aňtaw gullugynyň aragatnaşyk edarasynyň (RILO) we Sebitleýin mümkinçilikleri ösdürmek boýunça edaralarynyň (ROCB) wekillerini özünde jemledi.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar gümrük mümkinçiliklerini güýçlendirmek, gümrük edaralarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Sebitleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna we utgaşdyryş mehanizmlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem, BGG-niň sebitdäki häzirki başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli edaralaryň we sebitleýin ulgamlaryň işlerine umumy syn berildi.
Maslahata türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy ýurduň halkara gümrük hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge, iň gowy tejribeleri alyşmaga we milli gümrük ulgamyny häzirki zaman halkara standartlaryna laýyklykda ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.