Habar

2026-njy ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýaş harby gullukçylara okuw güwänamalary gowşurmak we olara ilkinji ofiser harby atlaryny dakmak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň Düzgünnamasyna laýyklykda, hünär taýýarlyk okuwlary iki aý möhlet bilen bellenildi. Işgärleri taýýarlamak boýunça Gullugyň öňünde duran wezipelere laýyklykda, nobatdaky okuw tapgyry şu ýylyň 2-nji martyndan 2-nji maýyna çenli aralykda guralyp, onuň dowamynda hünär we harby taýýarlyk boýunça ýöriteleşdirilen sapaklar geçirildi.

Ýaş harby gullukçylara halypa gümrük işgärleri tarapyndan gümrük işiniň dürli ugurlary we harby taýýarlygy boýunça okuw sapaklary geçirildi. Ýaş harby gullukçylar okuwlaryny doly özleşdirip, nazary alan bilimlerini dürli gümrük nokatlarynda, Halkara gümrük terminalynda ornaşdyrylan barlag-rentgen enjamlarynyň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanşyp, tejribe üsti bilen has-da berkitdiler.

Okuwyň netijeleri boýunça ýaş harby gullukçylar hünär synaglaryndan üstünlikli geçdiler.

Dabarada ýaş harby gullukçylar wepadarlyk kasamyny belent joşgun bilen ýerine ýetirip, ata Watanymyza, ene topragymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk edip, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramak ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine tüýs ýürekden ynandyrdylar.