2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda işgärleri taýýarlamak ulgamynda baglaşylan Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany ýerine ýetirmegiň çäginde, 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki okuwlaryň Meýilnamasyna laýyklykda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly okuw guraldy.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň tertibine bagyşlanan bu okuw iki ýurduň gümrük gulluklarynyň okuw edaralarynyň wekillerinden, professor-mugallymlaryndan daşary Taraplaryň gümrük tölegleri bölümleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Okuw sapagy Özbegistan Respublikasynyň Gümrük institutynyň döredilmeginiň 23 ýyllygy mynasybetli gutlag sözleri bilen başlady, gatnaşyjylar institutyň gazananlaryny belläp, geljekdäki ösüşine üstünlik arzuw etdiler.
Okuw sapagynyň dowamynda gatnaşyjylar harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemek boýunça öz tejribeleri bilen paýlaşdylar. Şunda, milli tejribede ulanylýan usullar we çäreler gözden geçirildi, şeýle hem halkara ülňülerini nazara alyp, bu ugurda häzirki döwrüň möhüm meseleleri we olaryň çözgütleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Harytlary bahalandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmäge, amallaryň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga hem-de hünärmenleriň hünär derejesini ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Taraplar özara gatnaşyklaryň şeýle görnüşiniň bilimleri çuňlaşdyrmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we iki ýurduň gümrük gulluklarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýändigi bellediler.