01.06.2026
Gümrük işinde «Emeli aň» (EA) işe girizildi
Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşýan hususy taraplaryna hem-de logistik kompaniýalaryň wekillerine gümrük işi boýunça hukuk kömegini bermek maksady bilen, nobatdaky iş maslahatyny Mary welaýatynda geçirýär.
Iş maslahatyň barşynda, ýurdumyzdan eksport edilýän we daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň hukuk esaslary hem-de gümrük amallarynyň ýerine ýetirilişi, halkara ýük daşamalaryna bildirilýän talaplar, şeýle hem gümrük işinde sanly ulgamyň ulanylmagy bilen bagly täze girizilen düzgünler we gümrük işi bilen bagly ýüze çykýan soraglar boýunça hukuk kömegi berler.
Geçirilýän senesi: 2026-njy ýylyň 9-njy iýuny
Başlaýan wagty: 10:00
Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň mejlisler zaly (2-nji gat).
Salgysy: Mary şäheri, Bitaraplyk köçesi, 18-nji jaý.
Ähli gyzyklanma bildirýän taraplary çärä gatnaşmaga çagyrýarys.
Iş maslahaty boýunça özüňizde gyzyklandyrýan goşmaça soraglar boýunça «Sorag-jogap» hyzmatynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilersiňiz. Telefon belgisi 39-41-39