Habar

2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň Gümrük instituty tarapyndan bilelikde okuw çäresi geçirildi. Bu çäre iki ýurduň arasynda baglaşylan Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ýerine ýetirilmeginiň çäginde hem-de 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki okuwlaryň Meýilnamasyna laýyklykda guraldy.

Okuwyň esasy maksady sebitara howpsuzlygy berkitmek, serhetüsti söwdanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de halkara standartlaryna laýyklykda eksport gözegçilik ulgamlaryny ösdürmekden ybarat boldy. Şonuň bilen birlikde, gümrük gözegçilik nokatlarynda şübheli ýükleri anyklamak we bikanun söwdanyň öňüni almak boýunça häzirki zaman usullaryna aýratyn üns berildi.

Okuwuň dowamynda strategiki ähmiýetli harytlaryň we tehnologiýalaryň eksporty, importy we üstaşyr geçirilmegi boýunça halkara şertnamalaryň hem-de milli düzgünnamalaryň talaplarynyň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem, gatnaşyjylar täze tehnologiýalar we sanly çözgütler bilen tanyşdyryldy hem-de özara tejribe alyşmak arkaly amaly bilimlerini pugtalandyrdylar.