Habar

Ýurdumyzyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň ugrundaky gümrük nokatlary döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda, tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Olaryň ulag we ýük geçirijilik kuwwaty ýokarlandyrylyp, sanly ulgamlaryň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar.  Şoňa görä-de, ýurdumyzyň çäginden geçirilýän üstaşyr ýükleriň möçberleri yzygiderli artýar.

Şu ýylyň 6 aýynda Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerleriniň üsti bilen jemi 10,5 mln. tonnadan gowrak ýük dolanşygy amala aşyryldy we  geçen ýylyň degişli döwrüne görä 10 % ýokarlandy. Şol sanda, ýurdumyzyň daşary söwdasynda harytlaryň eksporty we importy bilen bagly serhetüsti ýük dolanşygyň möçberi 6 % artdy. 

Bu döwürde Türkmenistanyň çäginden üstaşyr 94 ýurda ýükler geçirildi. Üstaşyr geçirilen ýükleriň möçber 3,5 mln. tonnadan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 15 % ýokarlandy.  

Döwrebap barlag enjamlary bilen doly üpjün edilen serhetýaka gümrük nokatlary bu günki günde awtoulag serişdeleri gümrük nokatlarynyň çäginde ilkinji giren pursadyndan başlap, gümrük amallarynyň ýerine ýetirilişi sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Bu bolsa, gümrük nokatlarynyň çäklerinde gümrük amallarynyň ýerine ýetirilmegi üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaltdy.