2026-njy ýylyň 7-9-njy sentýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherinde geçiren «Sebitara baglanyşyk gün tertibiniň çäginde gümrük işi: Ýewropa Bileleşigini Merkezi Aziýa, Garadeňiz sebiti we Günorta Kawkaz bilen baglanyşdyrmak» atly seminara Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ýewropa Komissiýasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) we Polşanyň Milli girdejiler boýunça edarasy tarapyndan guralan amaly maslahat Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, 15 ýurduň wekillerini, şeýle hem ÝB-niň we BMG-niň degişli edaralarynyň hünärmenlerini özünde jemledi.
Çärä gatnaşyjylar «Bir penjire» mehanizmini ösdürmek, eTIR ulgamyny peýdalanmak arkaly üstaşyr amallaryny sazlaşdyrmak hem-de töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamlaryny kämilleşdirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Amaly tapgyryň çäklerinde wekilýetler öňdebaryjy maglumat-tehnologik çözgütler, barlag-gözegçilik tehnikalarynyň iş usullary bilen tanyşdylar, şeýle hem Warşawa şäheriniň Gümrük edarasyna baryp gördüler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar geçelgäniň ugry boýunça ýük daşamalaryndaky esasy bökdençlikleri kesgitlediler hem-de gümrük amallaryny çaltlandyrmak we üpjünçilik zynjyrynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen bilelikdäki çäreler meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamaga girişdiler.