Habar

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak, Türkmenistanyň medallary bilen sylaglamak hem-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda gol çeken degişli Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň birnäçesine harby atlar dakyldy we Döwlet sylaglary bilen sylaglandy.

2026-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Döwlet sylaglaryna we nobatdaky harby atlaryna mynasyp bolan Gullugyň harby gullukçylaryna sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Döwlet senasynyň ýaňlanmagyndan badalga alan bu çäre ýokary guramaçylyga beslendi. Harby gullukçylara bu Döwlet sylaglary berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendikleri nazara alnyp, şeýle-de şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli gowşuryldy.

Döwlet sylaglaryna we nobatdaky harby atlaryna mynasyp bolan harby gullukçylar geljekde hem mähriban Watanymyza we Hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden wepaly gulluk edip, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramak ugrunda alyp barýan işlerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrdylar.