29.09.2026
DABARALY HARBY ÝÖRIŞ – BELENT MERTEBE
2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda «Üstaşyr geçirilýän harytlaryň gümrük gözegçiligi» mowzugy boýunça göni wideoaragatnaşyk arkaly amaly okuw-maslahaty geçirildi. Çäräniň maksady iki goňşy ýurtlaryň gümrük edaralarynyň arasynda üstaşyr amallary boýunça özara tejribe alyşmaga gönükdirildi.
Bütindünýä gümrük guramasynyň Türkmenistandaky Okuw merkeziniň binýadynda geçirilen okuwa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynyň degişli bölümlerinden, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we Ahal welaýatynyň gümrükhanalarynyň, şeýle hem degişli gümrük nokatlaryndan 16 sany harby gullukçysy gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda taraplar iki ýurduň serhetlerinden üstaşyr geçirilýän harytlaryna gümrük gözegçiligini guramagyň häzirki zaman amallaryny, gümrük serhedinde resmileşdirilýän resminamalaryň kanunçylyk binýadyny we amallary tizleşdirmegiň çäreleri babatda özara tejribe alyşdylar.
Mundan başga çärä gatnaşyjylar halkara üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de gümrük serhetlerinde amallary sanlylaşdyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.