Habar

2026-njy ýylyň 226-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Katar Döwletiniň Doha şäherine gulluk iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Kataryň Hamad deňiz portuna, Günorta portlaryň Gümrük müdirligine we Hamad halkara howa menziline baryp gördi.

Katar tarapynyň wekilleri türkmen wekiliýetini portda we howa menzilinde gümrük işiniň guralyşy, halkara ýükleriň resmileşdirilişi, gümrük gözegçiliginiň döwrebap usullary hem-de gözegçilik amallarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem degişli desgalaryň işiniň aýratynlyklary we gümrük amallarynda döwrebap tehnologiýalaryň ulanylyşy barada giňişleýin maglumat berildi.

Bu desgalara baryp görülmegi türkmen wekiliýetine Kataryň iri ulag düzümlerinde gümrük işiniň guralyşy boýunça tejribesi bilen ýakyndan tanyşmaga, deňiz portlarynda we halkara howa menzillerinde gümrük gözegçiligini amala aşyrmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmaga, şeýle hem iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garamaga şert döretdi.