Habar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine oba hojalygynda we ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim sebitde alnyp barylýan işler, ýygnalan däne hasylynyň kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara bökdençsiz daşalmagyny hem-de ýerleşdirilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, orakdan boşan meýdanlarda agrotehniki talaplara laýyklykda sürüm işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Gowaça ideg, şol sanda dürli zyýankeşlere we kesellere garşy alnyp barylýan işler, häzirki wagtda ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň ýygnalyşy barada hem aýdyldy.

Suw üpjünçilik meseleleri hem-de şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy hasabatyň aýratyn meseleleri boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek bilen bagly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýygnalan bugdaý hasylynyň elewatorlara hem-de ammarlara bökdençsiz daşalmagynyň, talabalaýyk saklanmagynyň şu günüň möhüm wezipesidigini aýdyp, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň, ösüş suwunyň tutulmagynyň, mineral dökünler bilen iýmitlendirilmeginiň hemişe gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyna üns çekildi. Gowaça meýdanlarynda zyýankeşlere we kesellere garşy çäreleriň geçirilmegine, oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Ýetişdirilen ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýitgisiz ýygnamak möhüm işleriň hatarynda kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatda bar bolan suw üpjünçilik desgalarynyň talabalaýyk ýagdaýda işledilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu desgalar boýunça degişli seljermeleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem dürli desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli tamamlanmagynyň, okuw ýylynyň başyna çenli ähli bilim edaralarynda abatlaýyş işleriniň geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanmalydygyna üns çekildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda gowaça we gant şugundyryna agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilişiniň guralyşy, bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleriniň depginleri barada hasabat berdi. Şu günler bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak işleriniň guralyşyna, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen bol hasylyny ýitgisiz ýygnamak boýunça çärelere ilkinji derejede üns berilýär. Welaýatyň ekin meýdanlaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ugrunda geçirilýän çäreler, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekinlere talabalaýyk ideg edilmeginiň öňde boljak pagta ýygymy möwsüminiň üstünliginiň esasy şertidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda amala aşyrylýan işlere hemişe gözegçiligiň, hatarara bejerginiň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmeginiň, gowaça ösüş suwuny tutmagyň, ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň möhümdigine üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekin meýdanlaryndaky ekinlere, şol sanda gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerlerde ideg işleriniň ekerançylygyň öňdebaryjy iş tejribesi esasynda hem-de agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmelidigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, sebitiň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen ýeralmanyň hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak meselesini hemişe üns merkezinde saklamak zerurdyr.

Welaýatyň suw üpjünçilik ulgamlarynyň talabalaýyk ýagdaýda saklanmagynyň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz welaýatda bina edilýän durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşynyň berk gözegçilige alynmalydygyny belläp, gurluşyklaryň depginini güýçlendirmegi, täze okuw ýylynyň başlanmagyna çenli bilim edaralarynda abatlaýyş işlerini doly tamamlamak barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde işleriň ýagdaýy, dänäniň kabul ediş bölümlerinden elewatorlara we ammarlara bökdençsiz daşalmagyny hem-de ýerleşdirilmegini guramak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de alnyp barylýan meýdan işleri, orakdan boşan meýdanlary sürmek we tekizlemek işleriniň geçirilişi, gowaça hem-de şaly ekilen meýdanlara agrotehniki talaplara laýyklykda ideg edilişi barada aýdyldy. Häkim ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýygnamak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilmegini ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, häkime gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi işlerini geçirmek, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ujuny çyrpmak, zyýankeşlere garşy göreşmek boýunça çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegi babatda anyk tabşyryklar berildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şaly ekilen meýdanlarda ulanylýan oba hojalyk tehnikasynyň we gurallaryň rejeli peýdalanylmalydygy barada häkime tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylynyň degişli derejede, bildirilýän talaplara laýyklykda ýygnalmagynyň möhümdigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ekin meýdanlarynyň suw üpjünçiligine, welaýatyň gidrotehniki desgalarynyň talabalaýyk ýagdaýda saklanmagyna we gözegçiligiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýdyp, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Dürli maksatly desgalardaky gurluşyklaryň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek babatda hem aýratyn tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylynyň başyna çenli welaýatyň bilim edaralarynda abatlaýyş işleriniň hökmany suratda geçirilmelidigini belläp, häkime bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra çykyş eden Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, bugdaý hasylynyň elewatorlara hem-de ammarlara bökdençsiz daşalmagyny guramak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergileri, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ujuny çyrpmak hem-de ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ekinleri kesellerden we zyýankeşlerden goramak boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda sebitde bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm hem-de tekizlemek işlerini geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar, ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Şaly meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleri geçirilýär.

Şeýle-de welaýatda suw üpjünçiliginiň ýagdaýy barada hasabat berildi. Häkim dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri, olarda gurluşygyň ýokary hilini hem-de bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça meýdanlaryna agrotehniki kadalara laýyklykda, ýokary hilli ideg edilmeginiň wajypdygyny belledi. Şunda bu möhüm oba hojalyk çäresiniň bol hasyl alynmagy bilen baglanyşykly ähli şertleriň hasaba alnyp guralmagynyň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz galladan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň bildirilýän talaplara laýyklykda geçirilmelidigini aýdyp, ekerançylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen ýeralma, gök we bakja ekinleriniň hasylynyň bellenilen möhletlerde, ýitgisiz ýygnalmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen meýdanlara ideg edilmegine aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu ugurda meýilleşdirilen işleriň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Sebitiň suw hojalyk desgalarynyň netijeli peýdalanylmagy hem-de olaryň ýagdaýyna seljerme geçirilmegi babatda anyk görkezmeler berildi. Şunda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, häkime bilim edaralarynda abatlaýyş işleriniň geçirilişini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitiň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ýygnalan galla hasylynyň kabul ediş bölümlerinden elewatorlara we ammarlara bökdençsiz daşalmagyny hem-de ýerleşdirilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabata görä, orakdan boşan meýdanlarda eýýäm sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi işleri geçirilýär. Gowaçanyň ujy çyrpylýar. Oňa ösüş suwy tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, zyýankeşlere we kesellere garşy göreş çäreleri geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň ýitgisiz ýygnalmagyna uly üns berilýär. Şeýle-de gant şugundyryna bildirilýän talaplara laýyklykda ideg edilişi barada hasabat berildi.

Häkim suw üpjünçilik işiniň ýagdaýy, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tamamlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçanyň geljekki bol hasylynyň pagtaçy-kärendeçileriň şu günki çekýän tutanýerli zähmetine baglydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň, gowaçanyň mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirilmeginiň, ösüş suwunyň tutulmagynyň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz gant şugundyry ekilen meýdanlarda talabalaýyk ideg işleriniň geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen bol hasylynyň öz wagtynda ýygnalmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagynyň hem-de suw üpjünçilik desgalarynyň talabalaýyk ulanylmagynyň möhüm wezipeleriň biridigini nygtap, bu mesele boýunça degişli seljerme işlerini geçirmegi tabşyrdy. Şeýle-de medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny, olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklar berildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli bilim edaralarynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna çenli abatlaýyş işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Galla kabul ediş bölümlerinden dänäni elewatorlara we ammarlara daşamak işleriniň barşy, geljek ýylyň hasyly üçin tohumlyk bugdaýlary taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Gowaça meýdanlarynda geçirilýän möwsümleýin çäreler barada aýtmak bilen, wise-premýer şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki işler barada habar berdi. Hususan-da, ösüş suwy tutulýar, hatarara bejergi, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleri geçirilýär, oba hojalyk tehnikasynyň hem-de gurallaryň bökdençsiz işledilmegi boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlarynda, Balkan, Mary welaýatlarynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýitgisiz ýygnamak boýunça işler talabalaýyk derejede guraldy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Amyderýada gorag gaçylaryny dikeltmek we berkitmek, Garagum derýasynyň we beýleki suw akabalarynyň hanalaryny arassalamak, goşmaça suw gorlaryny döretmek üçin suw howdanlarynyň göwrümlerini giňeltmek boýunça geçirilýän degişli işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi. Häzirki wagtda geljekki bol hasylyň düýbi tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz amala aşyrylýan işleriň tutuş toplumyny, şol sanda dänäni elewatorlara daşamak hem-de ony ammarlarda ýerleşdirmegiň bildirilýän talaplara laýyklykda üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini ýokary hilli geçirmek, tohum serişdeleriniň seçilip alynmagyny talabalaýyk guramak, oba hojalyk işlerinde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak öňde durýan wezipeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu wezipeleriň oňyn çözülmegine häzirki zaman ylmynyň gazananlary, ekerançylygyň milli ýörelgeleri nazara alnyp çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” Kararyň taýýarlanylan taslamasy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi. Bellenilişi ýaly, resminama laýyklykda, ýer böleklerini alan daýhan hojalyklaryny we önüm öndürijileri goşmaça goldamak göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen, olaryň tehnikalary üçin zerur bolan dizel ýangyjyny ýurdumyzyň içerki sarp edijileri üçin tassyklanan bahalar boýunça ýerlemek bellenilýär. Bu bolsa oba hojalyk önümleriniň bol öndürilip, halkymyzyň saçaklarynyň has-da bereketli bolmagyna mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, birnäçe wezipelere olaryň ünsüni çekdi. Ozaly bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleriniň güýçlendirilmeginiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitlerde bu ugurda geçirilýän işleriň barşyna berk gözegçilik etmek barada görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy bilen baglanyşykly işleriň ýagdaýyna içgin seljerme geçirilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisine anyk tabşyryklary berdi.

Tohumçylyk işleriniň ösdürilmeginiň öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlarynyň hataryndadygyny hem-de oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň köp babatda tohum serişdeleriniň hiline baglydygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu ulgamda işleri talabalaýyk derejede guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň abadançylygynyň we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.