Habar

Obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir. Bu pudakda işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, dürli görnüşli önümleriň mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi belent maksatlaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu işleriň Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, oba ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny dolandyrmagy mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de düzümleýin özgertmeleri geçirmek, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ýeriň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýokary tehnologiýalary we täze ylmy-tehniki gazanylanlary ornaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň ýokary derejede geçirilmegine, welaýatlaryň çäklerinde ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, suw howdanlarynyň hem-de akabalaryň öz wagtynda arassalanylmagyna, ýetişdirilen gök-bakja, beýleki önümleriň ýitgisiz ýygnalmagyna, ýurdumyzyň bazarlarynda önüm bolçulygynyň üpjün edilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegi, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegi babatda anyk tabşyryklar berildi.

Türkmenistanyň suw bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýändigini we ýurdumyzyň halkara bileleşigiň dünýä ähmiýetli wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen tagallalaryna mynasyp goşant goşýandygyny bellemek ýerliklidir. Hormatly Prezidentimiziň suw diplomatiýasy bu ähmiýetli durmuş ulgamynda diňe bir uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi däl, eýsem, milli, öňdebaryjy iş tejribeleriniň işlenip taýýarlanylmagyny esasy ugur edinýär. Bu ýörelgäniň tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigi şübhesizdir.

Suwdan rejeli peýdalanmak boýunça müňýyllyklaryň dowamynda baý tejribe toplan türkmen halky ony ählumumy meýilleri nazara almak bilen, häzirki zaman tejribeleri arkaly baýlaşdyrýar. Türkmenistan dünýä ähmiýetli ekologiýa ugurly başlangyçlary öňe sürýär. Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç şolaryň esasylarynyň biridir.

Suwdan netijeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak meseleleri özara baglanyşykly ugurlar hasaplanýar. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän ekologik çäreler tutuş halk hojalyk toplumyny tebigy serişdelerden peýdalanmagyň täze usulyna geçirmek üçin milli ykdysadyýetimizde möhüm şert bolup durýar. Suw hojalygy düzümleriniň işine suwaryşyň täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýeterlik suw gorlarynyň döredilmegi Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan deňi-taýy bolmadyk taslamanyň möhüm maksatlarynyň biridir. Bu köl daşky gurşawa oňyn täsirini ýetirýär we sähranyň biodürlüliginiň artmagyna, kölüň çäklerinde dürli görnüşli balyklaryň köpelmegine, akabalaryň kenarlarynda tokaýlyklaryň döremegine, bu künjegiň haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna hem-de onda mesgen tutýan guşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Şeýle-de kölüň akabalary Garagum sährasynyň howasynyň ýakymlylyk derejesine oňyn täsirini ýetirýär.

Garagum sährasynyň jümmüşinde emele gelen täsin suw desgasynyň kenarynda täze obalaryň döremegi çöl ýerleriniň netijeli özleşdirilmegine, maldarçylyk, ekerançylyk we balykçylyk hojalyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açýar. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi diňe bir ykdysady däl, eýsem, ekologik nukdaýnazardan hem aýratyn ähmiýetlidir.

Amyderýanyň suwunyň hapalanmagynyň öňüni almak “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygynyň esasy maksatlarynyň biridir. Bu giň möçberli taslamanyň tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin ähmiýetlidigini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň oba hem-de suw hojalygyny hil taýdan täze derejä çykarmak, sebitiň ekologik ýagdaýyna oňyn täsir etmek babatda aýratyn zerurdyr.

Ýurdumyzyň we daşary ýurtly hünärmenleriň pikirine görä, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň düşewüntliligi şübhesizdir. Mundan başga-da, wagtyň geçmegi bilen, onuň ykdysady bähbidi has-da artar. Çünki bu täsin gidrotehniki desganyň hereket etmegi oba hojalygynda suw serişdelerini netijeli ulanmak, tebigy baýlyklary saklamak we artdyrmak wezipelerine gönükdirilen uly möçberli çykdajylaryň peselmegine ýardam berer.

Oba hojalygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanda obasenagat toplumyna döwlet tarapyndan berilýän goldawyň bir bitewi toplumy kemala gelýär. Düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna, oba hojalygyna hyzmat edýän edaralaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, gaýtadan işleýän senagatyň gurluşygyna we mineral dökünleriň önümçiligine ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şeýle hem ýerleriň suw üpjünçilik we meliorasiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, bu ugurda ylmyň, seçgiçilik, tohumçylyk işiniň ösdürilmegine iri möçberli maliýe serişdeleri bölünip berilýär.

Möhüm oba hojalyk möwsümi — pagta ýygymy golaýlaşýar. Tutuş ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekildi. Şunda 1 million 250 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 280 müň, Balkan welaýatynda 10 müň, Daşoguz welaýatynda 275 müň, Lebap welaýatynda 320 müň, Mary welaýatynda 365 müň tonna “ak altyn” hasylyny ýygnamak meýilleşdirildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň telekeçileri oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer alyp, pagta önümçiligine girişdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli nygtaýşy ýaly, oba hojalyk ekinleriniň kesellere durnukly, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan ýokary hilli tohumlarynyň ekilmegi bol hasylyň binýady bolup durýar. Gowaçanyň “Ýolöten-7”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “S-2606”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “149-F” ýaly ýokary hasylly, tiz ýetişýän we süýüminiň uzynlygy, arassalygy bilen tapawutlanýan görnüşlerine möhüm ähmiýet berilýär.

Oba hojalyk önümçiligini köpugurly esasda ösdürmek maksady bilen, zerur işler alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Mary we Balkan welaýatlarynda bolsa gant şugundyry ösdürilip ýetişdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerinde giň möçberli tarp ýerler özleşdirilýär. Ýeralma, gök-bakja we beýleki dänelik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bölünip berilýär. Miweçilik, üzümçilik bilen meşgullanýan hojalyklaryň sany artýar. Munuň özi oba hojalygynyň tehniki taýdan ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman tehnikalaryna, birnäçe ugurlaryň mehanizmleşdirilmegine, awtomatlaşdyrylmagyna bolan isleg ýokarlanýar.

Ýurdumyzyň alymlary, oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýanyndaky ylmy-barlag merkezleriniň işgärleri obasenagat toplumynyň düzümleriniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Olar tohumçylyk-seçgiçilik işini alyp barýarlar. Ekerançylygyň agrotehniki taýdan kämilleşdirilmegine, täzeçil tehnologiýalaryň synagdan geçirilmegine, amala aşyrylýan çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berýärler.

Seçgiçi alymlar ekerançylyga dürli görnüşli ekinleriň ýokary hasylly täze görnüşlerini yzygiderli ornaşdyrýarlar. Şolaryň hatarynda bugdaýyň “Türkmenbaşy”, “Bitarap”, “Lebap-1”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Miras”, “Garaşsyzlyk”, “Berkarar”, “Bagtyýarlyk”, “Döwletli” ýumşak, “Türkmenbaşy-1”, “Akbaş” gaty görnüşleri hem-de şalynyň “Bereket”, arpanyň “Sona”, mekgejöweniň “Paýtagt”, “Laçyn”, mäşiň “Bereketli” görnüşleri bar.

Bu gün birža söwdalarynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen önümleriň dünýäniň dürli künjeklerine eksport edilýändigini bellemek gerek. Daşary ýurt bazarlarynda pagta süýümi, goýnuň, geçiniň, düýäniň ýüňi, buýan köki hem-de beýleki oba hojalyk önümleri ýokary hilliligi we bäsdeşlige ukyplylygy bilen uly islegden peýdalanýar.

Zähmetiň ýokary derejede mehanizmleşdirilmegi, awtomatlaşdyrylmagy önümçiligiň netijeliligini artdyrmakda möhümdir. Oba ýerlerinde işçi-hünärmenleriň çekýän zähmetiniň gymmatyny ýokarlandyrmak, ýaşlaryň işini höweslendirmek, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler oba hojalyk işgärleriniň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly tehnikalary bilen üpjünçiligini gowulandyrýar. Ýokary öndürijilikli tehnikalar bugdaý oragy we pagta ýygymy, ekiş möwsümlerinde, sürüm hem-de beýleki işlerde netijeli peýdalanylýar.

Häzir pudagyň tehniki we tehnologik babatda döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda çözülýär. Hususan-da, satyn alnan “John Deere” (ABŞ), “CLAAS” (Germaniýa) ýaly ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary dolandyryşyň telematik sanly ulgamyna tapgyrlaýyn geçirilýär.

Ýurdumyzyň ýüpekçileri şu möwsümde pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň 2 müň 300 tonnadan gowragyny taýýarladylar.

Mälim bolşy ýaly, ýüpekçilik halkymyzyň gadymy halk senetçiliginiň biridir. Asyrlaryň dowamynda ussat ýüpekçiler bu işiň milli däplerini nesilden-nesle geçirip, ýüpekden ajaýyp matalary we halylary dokamagyň inçe syrlaryny biziň günlerimize ýetiripdirler.

Bu gün tut ekilen meýdanlar giňeldilýär. Munuň özi ekerançylyk meýdanlaryny tozanly ýellerden goraýar we derýalaryň, akabalaryň kenarlaryny berkidip, amatly ekologik gurşawy döredýär. Oba ýerlerinde ýüpekçilik pagta we bugdaý ösdürip ýetişdirmek bilen bir hatarda alnyp barylýar.

Şeýle-de ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk ösdürilýär. Bal arylarynyň idedilişi artdyrylýar. Tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlere hususy pudagyň wekilleriniň işjeň gatnaşýandygyny, bu pudaklarda iri maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilýändigini bellemek gerek. Ýyladyşhana hojalyklary geljegi uly ugur hökmünde kesgitlenildi. Olaryň eýeleýän meýdanlary barha giňeldilýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, ýyladyşhanalary özünde jemleýän obasenagat toplumlary döredilýär. Olaryň işine öňdebaryjy tejribeler, häzirki zaman tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Et, süýt we çörek önümlerini, azyk harytlaryny öndürýän kärhanalar yzygiderli ulanmaga berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 4-nji iýunda geçirilen giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki bazarlaryň azyk önümleri bilen doly üpjün edilmeginde guşçulyk pudagynda guş etini we ýumurtgany öndürmek maksady bilen, haryt öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekmegi bu ugruň işiniň ilerlemegine kuwwatly itergi berdi. Umuman, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmak boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmekde amala aşyrylýan işleriň ýurdumyzda unuň, çöregiň hem-de çörek önümleriniň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň, gök we bakja önümleriniň artmagyna giň ýol açandygyny bellemek gerek.

Obasenagat toplumyny ösdürmekde döwlete dahylly bolmadyk pudagyň orny ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Munuň özi azyk harytlarynyň importynyň peselmegini hem-de eksport mümkinçilikleriniň artmagyny üpjün edýär.

Daýhan birleşiklerine, hojalyklara, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, ylmy-barlag institutlaryna, kärendeçilere, telekeçilere we beýlekilere ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi köp babatda obasenagat toplumynyň düzümleriniň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin zerur mümkinçilikleri döredýär.

Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine döwletimiziň tebigaty goramak syýasatynda möhüm ornuň degişlidigini, oňa ýurdumyzyň tutuş ilatynyň işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Ýaz hem-de güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk çäreleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.

Bu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde emele gelen giň möçberli tokaý zolaklary, seýilgähler we kenar ýakalaryndaky baglyklar köpýyllyk işleriň aýdyň netijesidir. Diýarymyzyň şäherleriniň we ilatly ýerleriniň töwereklerini, Aşgabadyň Köpetdagyň etegindäki çäklerini tokaý zolaklary gurşap aldy.

Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 30 ýyllyk maksatnamasynda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň kesgitlenendigini nygtamak gerek. Bu bolsa oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, sanly tehnologiýalary, suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň täze usullaryny ornaşdyrmagyň döwrüň möhüm talabydygyny görkezýär.

Mahlasy, bu ugurda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen içerki bazarlarda haryt bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.