Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen we türk halklaryny taryhy kökleriň, medeni we ruhy umumylygyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Bu bolsa açyklyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. 

Türkmen-türk gatnaşyklarynyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Türkiýäniň Parlamentiniň Başlygyna we doganlyk ýurduň ähli halkyna ýakynda Stambul şäherinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi sebäpli çuňňur gynanjyny beýan etdi we şu agyr pursatda ejir çekenlere medet beriji sözleri aýtdy. 

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýylyň dolýandygy bellenildi. Şu döwürde Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygy Mustafa Şentop dostluk däplerine we taraplaryň hoşniýetli erkine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. 

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. 

Türkmen Parlamentiniň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen geçirilen duşuşygyň barşynda kanunçykaryjylyk tejribesini alyşmak, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar dostlukly ýurduň parlament wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň iki doganlyk döwletiň doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmekde parlamentara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýändigi baradaky pikiri beýan etdiler. 

Geçirilen duşuşykdan soňra Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop iki doganlyk ýurduň parlamentarileriniň öňünde çykyş etdi. 

Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Şunda kanunçykaryjylyk edaralarynyň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, duşuşyklaryň we geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegine zerur üns berilýär. Munuň özi hyzmatdaşlygyň häzirki zaman hukuk binýadyny döretmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygynyň ýurdumyza bolan saparynyň bu ugurda möhüm ädime öwrüljekdigi bellenildi. 

Duşuşyk tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, jenap Mustafa Şentopyň türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigini hem-de hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşmagyna goşant goşýandygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Parlamentiniň Başlygyna «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni dabaraly ýagdaýda gowşurdy.