Habar

2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň düzüminde Türkmenistanda resmi sapar bilen bolýan Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň ýolbaşçysy W.Bulawin bilen duşuşygy boldy.

Gepleşikleriň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has işjeň ösýändigi we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada bellenildi.

Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasyna gelmeginiň çäginde, Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň ýolbaşçysy, Gümrük gullugynyň alyp barýan işi, bu ýerde işiň guralyşy, döredilen mümkinçilikler bilen giňden tanyşdy. Ol binada ýerleşýän iş otaglara, mejlisler zalyna, kitaphanana we köpugurly sport zalyna baryp gördi. Binanyň birinji gatynda ýerleşýän seljeriş merkezinde uly monitorda myhmana Türkmenistanda gümrük ulgamynyň guralyşyny we aýratynlyklary beýan edilýän wideo ýazgy görkezildi.

W.Bulawin, hünär kitaplaryň, gollanmalaryň, çeper eseleriň, Hormatly Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň müňlerçesini özünde jemleýän Gullugyň kitaphana otagynda baryp görende, Türkmenistanda gümrük işgärleriniň watançylyk ruhy terbiýesine möhüm ornuň berilýändigine ýokary baha berip, öz tarapyndan bu tejribäniň Federal gümrük gullugynyň işine hem ornaşdyrylmagyny isleýändigini aýtdy.

Myhman, şeýle hem, Gullugyň muzeý otagyna baryp, Türkmenistanda gümrük gullugynyň döredilmeginiň we ösüşiniň taryhy bilen tanyşdy hem-de Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Şu gün, 20-nji ýanwarda, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň wekilçilikli toparyň resmi saparynyň çäginde iki taraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi, onda iki döwletiň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama hem-de 2023-2025-nji ýyllar üçin gümrük hukuk bozulmalaryna garşy göreşmekde özara hereket etmek hakynda Teswirnama gol çekdiler.