Habar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Doly ygtyýarly wekil hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty bilen halkara giňişlikde ägirt uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda Ysraýyl Döwletine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Ismail Haldini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleriň geçirilmegi, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda tejribe alşylmagy, özara saparlaryň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ysraýyl Döwletiniň Hökümetine Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň bähbitlerini hem-de açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, esasy ugurlaryň birnäçesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli giň meseleler boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady ulgam netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatlaşmalarydyr duşuşyklary geçirmegiň wajypdygyny belledi. Oba hojalyk ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda Türkmenistanyň Ysraýylyň oba hojalygynda gazanan tejribeleri bilen ýakyndan tanyşmaga, suw serişdelerini tygşytly ulanmak we süýjetmek boýunça täze tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmak ara alyp maslahatlaşmalaryň wajyp meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Medeniýet günlerini guramagyň, iki ýurduň wekilleriniň ylym-bilim forumlaryna we bäsleşiklere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Ýurtlarymyzyň baý taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmak üçin syýahatçylyk mümkinçiliklerini ulanmagyň zerurdygy barada aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda doly ygtyýarly wekil hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşniýetli sözler üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, iki döwletiň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynandyrdy.