Habar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, belent maksatlary nazarlaýan giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ähli ugurlar boýunça ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýän Arkadag şäheriniň binagärlik babatdaky ösüşi Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylýar.

Iş maslahatynyň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýe Respublikasynda we Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolup, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça tejribe alyşdylar we bu ugurda dünýäniň ösen tejribesini içgin öwrendiler.

D.Orazow hasabatyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geňeşmeleriň geçirilendigi, olaryň dowamynda ýurdumyzyň çäginde bar bolan çig mallaryň ekologik we ýaramlylyk derejesi, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän çeşme suwlaryny önümçilik maksady bilen ulanmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň geçirilendigi barada aýtdy. Häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynda işlenip taýýarlanylýan polipropilen önümleriniň hil we ekologik derejesiniň dünýäde ýokary baha mynasyp bolýandygyny bellemek ýakymly. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň polipropilen we polietilen önümlerinden taýýarlanan, lukmançylyk edaralarynda yzygiderli ulanylýan sanjym enjamlaryny peýdalanmagyň ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy häzirki döwürde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak bilen bir hatarda, önümçilik kuwwatlyklarynyň ekologik derejesi hem ünsden düşürilmeýär.

Ýurdumyzda Koreýa Respublikasynyň hünärmenleri saparda bolup, bu ýerde türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu sapar biziň ýurdumyz üçin ähmiýetli waka boldy. Türkmenistanda bar bolan çig maldan lukmançylykda giňden peýdalanylýan derman serişdelerini, dürli erginleri öndürmegiň mümkindigini bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde Arkadag şäheriniň bina edilendigini, bu ýerleriň howa gurşawynyň ýakymlydygyny, şol bir wagtyň özünde, arassa dag çeşmeleriniň ynsan saglygy üçin ýaramlydygyny nygtady. Bu ýerlerde ösýän tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýeti barada aýdyp, hormatly Arkadagymyz bu ugurda ylmy işleriň alnyp barylmalydygyny, şunda daşary ýurtlaryň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyny belledi.

Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy, şeýle-de degişli güwänamanyň gowşurylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini görkezýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Arkadag şäherinde dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň yzygiderli we üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň esasynda iň döwrebap “akylly” şäheriň peýda bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň çäginde ýolagçylara hyzmat etmek üçin häzirki zaman elektrobuslarynyň we elektromobil taksileriniň herekete girizilmegi “akylly” şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde alnyp barlan işleriň aýdyň netijesidir.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasyndan we yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheri «akylly» şäher bolmak bilen, döwrebap ýaşaýyş toplumyny, durmuş maksatly binalaryň ençemesini özünde jemleýär. Bu şäheriň özboluşly ajaýyplygy onda halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň, oňaýly dynç alşynyň we döredijilikli zähmetiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işleriň oňyn netijesidir. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde görkezilen ösümlikler, olary gaýtadan işlemegiň ugurlary we ýurdumyzda derman serişdelerini öndürmegiň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleleriň ylmy esasda öwrenilýändigi barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde bar bolan dermanlyk ösümlikleriň ekologik derejesi, olaryň dermanlyk häsiýetleri ylmy esasda öwrenilýär. Bu bolsa ýerli çig mallardan saglygy goraýyş ulgamynda zerur bolan derman serişdelerini öndürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, türkmen lukmanlarynyň we bu ugur boýunça iş alyp barýan alymlaryň degişli ylmy-seljeriş işlerini geçirmekleriniň zerurdygyna ünsi çekdi. Alnyp barylýan ylmy-seljeriş işleriniň netijeleri boýunça dermanlyk serişdelerini we lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça halkara bäsleşigiň geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenilmelidir.

Milli Liderimiz ýurdumyzda bar bolan çig mallary ýokary derejede gaýtadan işläp, olardan ekologik taýdan arassa we ýokary hil görkezijilerine laýyk gelýän önümleriň öndürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça önümçilik toplumlarynyň gurulmagy meýilleşdirildi. Munuň özi ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, şol bir wagtyň özünde, gündelik sarp edilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmak, hyzmatlar ulgamyny gowulandyrmak üçin işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik kuwwatlyklarynyň, aýratyn-da, lukmançylyk edaralarynyň ýokary hilli gurluşygy bilen bir hatarda, olaryň enjamlaşdyrylyş we üpjünçilik derejesine zerur üns berilmelidir. Şunda binalaryň buýrujylaryna, olaryň gurluşykçylaryna bolşy ýaly, saglyk edaralarynyň üpjünçilik ýagdaýyna bildirilýän talaplar hem ýokary hilli ýerine ýetirilmelidir. Munuň özi degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň wajypdygyny görkezýär. Türkmen topragynda bar bolan çig mallardan we ekologik taýdan arassa çeşme suwlaryndan taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleriň mukdaryny artdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu önümleriň içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen bir hatarda, eksport mümkinçilikleriniň hem artjakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalar, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklar işjeň ösdürilmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň lukmanlarynyň we degişli hünärmenleriniň dünýäniň ösen tejribesi bilen tanyşmaklarynda, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny özleşdirmeklerinde ähmiýetlidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde sazlaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Munuň özi halkymyzyň saglygyny goramak bilen bir hatarda, ekologik ýagdaýy esasy ugur edinýän asylly maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirer. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şäherlerde we obalarda, şol sanda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň baş maksady halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden, ýurdumyzyň abadançylygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň ilatyň saglygynyň goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilýändigini görkezýär.

Milli Liderimiz şu günki iş maslahatynyň gün tertibindäki meselelere ýene bir gezek ünsi çekip, geljekde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat maksatly desgalary gurmak we olarda ýokary derejeli önümçiligi ýola goýmak bilen bagly işleri düýpli seljerip, bu ugurda özara maslahatlaşyp, anyk çözgütlere gelinmelidigini, her bir işe oýlanyşykly çemeleşilmelidigini nygtady. Hormatly Arkadagymyz degişli işleriň geçirilmeginiň netijesinde, halkara bäsleşigiň yglan edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de bu işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyna aýratyn ähmiýet berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.