Habar

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň öňisyrasynda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümlerine satyn alyp beren 20 sany täze gulluk awtoulaglaryny Gullugyň degişli serhetýaka gümrük nokatlaryna dabaraly ýagdaýda gowşurmak çäresi geçirildi. Täze awtoulag serişdeleriniň 10-sy «Toyota Fortuner» kysymly ýeňil awtoulaglary, 5-si «Toyota Hiace» kysymly kiçi awtobuslary, 5-si bolsa, «Isuzu» kysymly suw çekiji ulaglarydyr.

Dabara gatnaşýan hormatly iş ýaşulularymyz, harby gullukçylar we beýlekiler awtoulag serişdeleri bilen içgin tanşyp, döredilen mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler.

Bu döwrebap awtoulag serişdeleri  ýurdumyzyň gümrük syýasatyny has-da dabaralandyrmakda we harby gullukçylara ähli babatda amatlyklary döretmekde Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň amala aşyrýan döwlet ähmiýetli işleriniň nobatdaky mysalydyr.

Döwlet gümrük gullugyň düzümlerine täze gulluk awtoulaglaryny sowgat berendigi üçin, Hormatly Belent Serkerdebaşymyza hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlary aýdýarys! Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!