2021-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda taraplaryň arasynda gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyşmak barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda taýýarlanylan Tehniki şertleriň taslama resminamasy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda, taraplar Ähtnamanyň çäklerinde deslapdan gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyşmak arkaly iki döwletiň arasynda netijeli gümrük hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak üçin uly mümkünçilikleriň bardygyny aýratyn belläp geçdiler.
Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete geçýän häzirki döwründe deslapdan elektron görnüşinde maglumat alyşmagyň ýola goýulmagy, gümrük işini has-da kämilleşdirilmeginde hem-de maglumatlar esasynda ygtybarly gümrük gözegçiliginiň alnyp barylmagynda ähmiýetli bolup durýar. Şeýle hem, bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde gümrük amallarynyň çalt amala aşyrylmagy, gümrük serhedinden geçýän harytlary we ulag serişdeleriniň resmileşdirmegiň wagtynyň azalmagy esasy ykdysady görkezijileriň biridir.