Habar

2022-nji ýylyň 26-28-nji aprelinde Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMKA) gurnamagynda serhetlerde işleýän gulluklarda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmagyň meselesine bagyşlanan sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşinde geçirilen bu okuw maslahatyna Türkmenistandan wekiller Aşgabat şäherindäki Arçabil myhmanhanasyndan goşulyşdylar. 

Çärä, Türkmenistanyň Döwlet gümrük, migrasiýa we serhet gulluklarynyň, şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň döwlet weterinariýa we ösümlikler boýunça döwlet karantin gulluklarynyň wekilleri gatnaşdy.

Okuw maslahatynda, Latwiýanyň Döwlet serhet gullugynyň kollejiniň, Estoniýanyň Howpsuzlyk Ylymlar akademiýasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň serhetýaka we kenarýaka garawul gullugynyň (Frontex) bilermenleri Estoniýada, Latwiýada hem-de Ýewropa döwletlerinde ykrar edilen sanly ulgamyny ornaşdyrmakda öňdebaryjy tejribesi, bu bilen bagly meseleler hem-de göz öňünde tutulýan meýilnamalary barada maglumatlar bilen paýlaşdylar. Şeýle-de maslahatyň dowamynda, oňa gatnaşanlar sanly okuwyň dürli usullary, gurallary bilen tanyşyp, olary iş ýüzünde peýdalanmak üçin zerur endiklerini we başarnyklaryny amaly gönükmeler arkaly berkitdiler.

         Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň enjamlaýyn üpjünçiligi sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak üçin öňyn şertleri döredýär. Gullugyň merkezi edarasynda ornaşdyrylan wideoaragatnaşyk ulgamy urkaly welaýat gümrükhanalarynyň we olaryň tabynlygyndaky gümrük edaralarynyň işgärleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapaklary, maslahatlar we iş duşuşyklary yzygiderli geçirilip durulýar.