“Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň aprel aýynda täze önümçiligi ýola goýdy. Täze önüm bolan spred (mesge) ýagy pagta çigidinden alynýan ýagy gaýtadan işlemek arkaly öndürilýär. “Hazyna” nyşany bilen öndürilip başlanan mesge ýagy 200 gramlyk, 5, 10, 20 kilogramlyk gaplara gaplanylýar. Şeýle hem hojalyk jemgyýeti tarapyndan raps ýagynyň önümçiliginiň ýola goýlandygyny hem bellemek gerek. Ekologiýa taýdan arassalygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan raps ýagy hem “Hazyna” nyşany bilen 1 litrlik gaplara gaplanylýar.
Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýär. Kärhananyň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylan bölümlerinde hyýar, pomidor, bolgar burç ýaly gök önümleriň konserwirlenen görnüşleri, pomidor goýaltmasy, maýonezleriň birnäçe görnüşleri öndürilýär. Her gün gök önümleriň 8 tonnasy konserwirlenýär. Kärhanada önümçiligiň ähli tapgyryna, önümleriň hiline gözegçilik edýän barlaghanasy hereket edýär.
Taýýar önümleriň saklanýan ýörite sowadyjy ammary bolsa, harytlar üçin degişli howany üpjün edýär. Täze önümler ýakyn geljekde ýurduň söwda nokatlarynda alyjylara hödürlener.