Düýn ýurdumyzda umumymilli baýramçylyk 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenildi. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Harby şöhradyň we umumy halk hatyrasynyň mukaddes ýerine öwrülen belent ýadygärlikleriň etegine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ajaýyp gül çemenleri goýuldy.
Hormatly Prezidentimiziň asylly göreldesine eýerip, çärä gatnaşyjylar Watan ugrunda baş goýan gerçeklerimiziň ruhlaryny hatyraladylar. Milli Gahrymanlarymyzyň edermenliginiň öňünde baş egmek üçin bu ýere talyp ýaşlarymyz, şöhratly ata-babalarymyzyň – frontçy gahrymanlaryň agtyklary we çowluklary hem geldiler.
Gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de bu ýere ýygnananlar agzaçar sadakasy beriljek ýörite jaýa bardylar.
Döwlet Baştutanymyz çärä gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda her ýyl mukaddes parz işleriniň amala aşyrylýandygyny belledi. Geçmiş taryhymyza sarpa goýup, “Milletiň ogullary” ýadygärliginde Watan üçin wepat bolanlary, “Baky şöhrat” ýadygärliginde Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary, “Ruhy tagzym” ýadygärliginde Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biz şu gün 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Watanyň ogul-gyzlaryny, urşa gidenleriň yzynda galan naçar maşgalalary, şeýle hem eziz Watanymyzyň azatlygy ugrunda janyny pida edenleri ýatladyk. Halkymyzyň başyna düşen örän agyr günlerde – Aşgabatda 1948-nji ýylda bolup geçen tebigy betbagtçylykda şehit bolanlary ýatladyk. Olara tagzym etdik diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu pajygaly senelerde ýitgi hem boldy, ejir hem çekildi. Şol döwürlerde wepat bolanlaryň, tebigy betbagtçylyklarda şehit bolanlaryň ählisini hatyraladyk. Olara tagzym etdik. Mukaddes Oraza aýynda olaryň ýatan ýerleriniň ýagty bolmagyny, jaýynyň jennetde bolmagyny dileg edýäris.
Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi. Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dilegler edenden soň, agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekildi.
Nahardan soň, aýat-töwür edilip, türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň dowamat dowam, halkymyzyň agzybirligi hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly işlerinde täze üstünlikleriň hemra bolmagy dileg edildi.
Habar
Habarlar
Gümrük maglumatlary
Gümrük tölegleri
Şahsy taraplar üçin
Ýuridiki taraplar üçin
Gümrük gullugynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary