
2025-nji ýylyň 20–21-nji awgustynda sanly ulgam arkaly geçirilen «Gümrük amallarynda emeli aňyň we maşyn öwrenişiniň öňdebaryjy tejribeleri we usullary» atly sebitleýin okuwa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň degişli ugurda 5 sany hünärmeni gatnaşdy. Okuw çäresi Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde guraldy we oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen bir hatarda, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy häzirki wagtda akylly gümrük nokatlaryny döretmek, emeli aňy ösdürmek hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda uly işleri amala aşyrýar. Şu bilen bagly gümrük işine emeli aňy ornaşdyrmak babatdaky öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýär.
GIZ-iň halkara bilermeni Jonatan Kohyň alyp barmagynda geçirilen iki günlük okuw çäresine gatnaşmak bilen türkmen gümrükçileri emeli aňy gümrük amallaryna ornaşdyrmak babatda öz tejribesine artdyrdylar, şeýle-de bu çäre gümrük amallaryny sanlylaşdyrmakda öz-özüňe baha bermäge, Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, hünär başarnyklaryny güýçlendirmäge we innowasion sanly çözgütleri sebitleýin ornaşdyrmak babatynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi.