Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
8 Awg
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Onda ýylyň geçen ýedi aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de olaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine M.Hudaýkulyýew bellenildi. Täze bellenilen ýolbaşçysy Döwlet baýdagyna togap edip, mukaddes Kasam aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy gümrük edaralarynyň işgärleriniň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.