Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu çärä isleg bildirýän adamlaryň ählisi gatnaşyp biler.
Ekologik abadançylyk baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny, doly bahaly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr.
Häzir dünýäde ekologik meseleleriň ähmiýetine hemme döwürlerdäkiden oňat düşünilýär. Şol meseleleri çözmezden, adamzat jemgyýetiniň mundan beýläkki durnukly ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl.
Giň gerimli ekologik maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, aýratyn-da, dag eteklerinde howa ýagdaýy ep-esli gowulandy.
Hormatly Prezidentimiz her ýyl ýaş agaç nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresine badalga berýär. Paýtagtymyzyň töwereklerinde eýýäm “ýaşyl” zolak emele gelip, Aşgabady awtoulaglaryň bölüp çykarýan gazlarynyň, tozanly ýelleriň ýaramaz täsirinden goraýar, howanyň hilini gowulandyryp, bioköpdürlüligi gorap saklamaga we köpeltmäge ýardam berýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişleri yzygiderli guramak ýaly ajaýyp däpleri ýola goýdy. Şol çärelere ulaglaryň sürüjileri bilen birlikde türkmenistanlylaryň müňlerçesi jemlenýär. Sürüjiler çäräniň geçirilýän wagty öz ulag serişdelerinden peýdalanmaklaryny togtadýarlar, bu bolsa ekologiýa ýagdaýyna örän oňyn täsir edýär.
Welosipedli ýörişler durmuş, sport hem-de ekologik maksatly dürli taslamalary, pikirleri goldamak babatda ençeme ýurtlarda geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň meşhur görnüşleriniň biridir. Şoňa görä-de, bu çäreler Türkmenistanda hem şäherleriň, obalaryň ýaşaýjylaryny, dürli ýaşdaky nesilleri birleşdirýär.
Welosipedli ýörişe isleg bildirýänleriň hemmesi — sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdarlary çagyrylýar. Şonuň bilen birlikde, bu çäräniň geçirilmeginiň ekologik ugry onuň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz, işleriniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga hemişe wagt tapýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, yzygiderli türgenleşikler adamyň bedenini taplamak bilen birlikde, onda güýçli erki, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy hem terbiýeleýär.
Türkmenistanda geçirilýän welosipedli ýörişler ilatyň saglygyny berkitmäge, welosiped hereketini wagyz etmäge ýardam berýär. Şeýle çäreler oňa gatnaşyjylara sportuň özlerine ýakyn görnüşleri bilen meşgullanmaga itergi berýär, dynç alyş hem-de wagyz işlerini utgaşdyryp, ajaýyp ruhubelentlik güýjüni eçilýär.
Ekologik çäreler tebigata aýawly garamak boýunça asylly däpleriň mynasyp dowamydyr hem-de Aşgabadyň şanly 140 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň hatarynda mynasyp orun eýelär.
Habar
Habarlar
Gümrük maglumatlary
Gümrük tölegleri
Şahsy taraplar üçin
Ýuridiki taraplar üçin
Gümrük gullugynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary