Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
4 Sen
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2019-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler girizildi.

Husuan-da iş maslahatyň barşynda ýetip gelýän ählihalk baýramçylygyna — Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatyna taýýarlyk, baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň meselelerine seredildi we bu bilen bagly anyk görkezmeler boldy. 

Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine doly taýýarlamak, durmuş maksatly desgalarda degişli abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmek meselelerini üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde gurluşyk işleriniň barşy bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi we sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň şu sebite gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowyň häzirki döwürde welaýatda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri çözmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatyny diňledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» gol çeken taryhy Karary esasynda, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyň nyşany hökmünde Ahal welaýatynyň ilatynyň şenbe güni toý-dabaralara beslenjek giň möçberli çäräni geçirmegi meýilleşdirendigi habar berildi.