Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
28 Sen
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

2019-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi, oňa Gullugyň ýolbaşçylary we şahsy düzümi gatnaşdy. 

Dabaraly çäräniň başynda Türkmenistanyň Döwlet gimni ýaňlandy. Gutlag sözi bilen Gullugyň başlygynyň orunbasary D.Baýryýew çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimize we külli türkmen halkyna öz gutlagyny, Türkmenistan-Watanymyzyň hemişe gülläp ösmegi barada arzuwyny beýan etdi. 

Dabaranyň dowamynda öz wezipe borçlaryny berjaý etnekde görkezen yhlaslylygy we işine janypkeşligi, gazanan üstünlikleri üçin birnäçe harby gullukçylar gymmat bahaly sowgatlar, minnetdarlyk hatlary, hormat hatlary bilen sylaglandy hem-de nobatdaky harby atlary gowşuryldy.  

Dabarany jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylaryň Belent Serkerdebaşymyza gümrük edaralarynyň işini kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselelerine berýän uly ünsi üçin hoşallyk bildirip, wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdiler.