Gümrük habarlary

Gümrük gullugynyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Ählumumy aragatnaşyk strategiýalary boýunça birinji maslahatyna gatnaşdy
12 Okt
Gümrük gullugynyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Ählumumy aragatnaşyk strategiýalary boýunça birinji maslahatyna gatnaşdy

Gümrük gullugynyň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 8-9-njy oktýabrynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Gümrük Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen Bütindünýä gümrük guramasynyň Ählumumy aragatnaşyk strategiýalary boýunça birinji maslahatyna gatnaşdylar. 

Bütindünýä gümrük guramasynyň 2019-njy ýyl üçin saýlap alan «Sanly tehnologiýalar eýýamynda päsgelçiliksiz aragatnaşyk» atly mowzugy bilen baglylykda maslahatyň mowzugy täze tehnologik çözgütleriň we innowasiýalaryň ulanylmagynyň meselelerini aýdyňlaşdyrýar. 

Maslahat işe täze aragatnaşyk strategiýalaryny we çözgütlerini ornaşdyrmak babatda tejribe alyşmak üçin oňat meýdança öwrüldi.  

Häzirki giper-kommunikasiýaly dünýäde hemme guramalar we edaralar dürli usullar bilen aragatnaşyk saklaýarlar. Täze tehnologiýalaryň, emeli intellektiň we Internediň döremegi bilen adamlaryň arasyndaky serhetler düýbünden aýryldy we ähli ulgamlarda işler bulara baglylykda gurnalýar. Maslahatyň dowamynda bu babatda gümrük edaralarynyň öňünde durýan derwaýys meseleler we amala aşyrylmaly işler ara alnyp maslahatlaşyldy.