Habarlar

Aşgabatda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi öz işine başlady
16 Okt
Aşgabatda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi öz işine başlady

2019-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady, bu çäräni ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guraýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçiriýlan ýöriteleşdirilen sergi şu ýyl Watanymyzda 20-nji oktýabrda ilkinji gezek bellenilýän Senagat işgärleriniň gününe bagyşlanýar.

Senagat toplumynyň we kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegine ýardam etmek, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň hem-de sergä gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň senagat enjamlarynyň, iň täze tehnikasynyň we hyzmatlarynyň ägirt uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak şu gezekki halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň baş maksady bolup durýar. Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň wekilleri foruma öz işewürlik teklipleri bilen geldiler.

Sergä senagat enjamlaryny öndürýän hem-de tehnologiýa täzeçilliklerini hödürleýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary gatnaşýarlar, şolar bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk iş tejribesi toplanyldy. Ýokary kosmos tehnologiýalary ulgamynda öňdebaryjy «Thales alenia spaсe» kompaniýasy nawigasiýa we howpsuzlyk ulgamlary boýunça toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär.

Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk tejribeleri bolan Russiýanyň we Türkiýäniň kompaniýalaryndan türkmen bazarynyň netijeli tehnologiýa we senagat işläp taýýarlamalaryna barha artýan isleglerini göz öňünde tutýan, ýerli çig mal serişdelerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen önümçiligi ýola goýmak we enjamlaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça teklipler gelip gowuşýar, bu kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk özüniň oňyn netijesini berýär.

Şeýle hem, serginiň çäklerinde Aşgabat modeller öýüniň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan hem-de ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň synag önümçilik bölümleriniň täze lybaslar toplumlarynyň görkezilişi boldy.