Habarlar

Aşgabatda GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde ýokary derejeli duşuşyklar geçirildi
11 Okt
Aşgabatda GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde ýokary derejeli duşuşyklar geçirildi

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin gelen Döwlet Baştutanlaryň birnäçesi bilen duşuşyklary geçirdi. Olaryň içinde Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Bu sammitiň işine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji direktory S.Lebedew Türkmenistanda saparda bolýarlar.