Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň Sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
17 Okt
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň Sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň Sebitleýin wekili Aşita Mittal bilen duşuşyk geçirildi. 

Aşita Mittal duşuşmaga we sebitleýin müdirligiň gelejekdäki işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Gümrük gullugynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň - Bütindünýä gümrük guramasynyň «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça - Maksatnamasyna» işjeň gatnaşygyna ýokary baha berdi.

Duşuşygyň barşynda, esasan, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2019-2021-nji ýyllar üçin iş Meýilnamasy («Yol kartasy») bilen bagly çäreler ara alyp maslahatlaşyldy. 

Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň zerurlygyny bellediler.