2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Brýusselde (Belgiýa), Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) ştab-kwartirasynda BGG-niň Geňeşiniň 147-nji we 148-nji sessiýalary öz işine başlady. Guramanyň ýokary ýolbaşçy edarasynyň mejlislerine Döwlet gümrük gullugynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.
Sessiýalar 2026-njy ýylyň 25-nji iýunyndan 27-nji iýuny aralygynda dowam eder. Bu çäre dünýä gümrük ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bütin dünýäden gümrük edaralarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini bir ýere jemledi. Häzirki sessiýalaryň gün tertibi strategik meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň meýilnamasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Başlygynyň Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Ian Sonders bilen ikitaraplaýyn duşuşygyna aýratyn orun berilýär.
Duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini, şol sanda gümrük amallaryny sanlylaşdyrmagy, BGG-niň öňdebaryjy standartlaryny ornaşdyrmagy we işgärleriň halkara tejribesini ýokarlandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.