Gümrük habarlary

Eksport harytlarynyň mukdary artýar
25 Okt
Eksport harytlarynyň mukdary artýar

Aşgabat şäher gümrükhanasynyň «Aşgabat demirýollary» gümrük postunyň gümrükçileri Aşgabatdan harytlaryň alnyp gidilýän mukdarynyň artýandygyny belleýärler. 

Ine, diňe soňky aýda «Türkmenberkmetal» Hususy kärhanasy tarapyndan            77 tonnadan gowrak ýuwujy serişdeleri Özbegistan Respublikasyna çykaryldy. Bu «GÜNEŞ» haryt nyşanly awtomatiki usulda we elde ýuwulýan kir ýuwujy serişdeleri.   

Eksport harytlarynyň mukdarynyň artdyrylmagyna önüm öndürijileri goldamak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty ýardam edýär. Telekeçilige ýardam bermek ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda import harytlaryň ýerini tutýan harytlaryň öndürilişini giňeltmek, harytlaryň eksportynyň möçberini artdyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler dowam edýär.

«Aşgabat demirýollary» gümrük postunda ýurduň çäginden çykarylýan harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirmesi hem-de gümrük gözegçiligi amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen gümrük postundan harytlaryň bökdençsiz we çalt geçmegi üçin ähli şertler döredilen. 

Hormatly Belent Serkerdebaşymyza Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary barada edýän aladasy üçin köp sagbolsun aýdýarys. Goý hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, başy dik bolsun, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlansyn!