Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda habarlary alyşmak hem-de habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar babatda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň giňeldýär.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar – iri habarlar agentlikleri, abraýly neşirler, meşhur teleýaýlymlar bilen bilelikde özygtyýarly türkmen döwletiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de ýurdumyzy halkara habarlar giňişligine goşmak, metbugat we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, hususan-da, internet serişdelerinde täzelikleri, habarlary ýaýratmak, syn we seljerme materiallaryny çap etmeklik boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Media ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri – “Mir” döwletara teleradiokompaniýasy umumy habarlar giňişligini saklamak hem-de GDA-da habarlary halkara derejede alyşmak maksady bilen 1992-nji ýylda döredildi.
“Mir” döwletara teleradiokompaniýasy, ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işine berýän goldawy, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň döşe dakylýan altyn nyşany bilen sylaglanyldy. Bu ýokary sylag meşhur teleradiokompaniýanyň žurnalisti bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza gowşuryldy.
Türkmenistan “Mir” döwletara teleradiokompaniýasyna millionlarça tomaşaçylary bolan, ýurtlaryň we halklaryň arasynda syýasy, ykdysady hem-de medeni – ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýän öňdebaryjy teleradiokompaniýalaryň biri hökmünde garaýar.
Bu gün ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň öňünde hemişelik Bitaraplyk derejesiniň many-mazmunyny düşündirmek, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygaryň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, anyk wezipeler goýuldy.
2020-nji ýylyň noýabrynda meşhur teleradiokompaniýanyň ýolbaşçysy – “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy R.I.Batyrşin bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda Habarlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi. Şol resminamalaryň kabul edilmeginiň Arkalaşygyň ýurtlarynda bolup geçýän wakalary giňden we yzygiderli beýan edýän “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň serişdelerinde täzelikleri hem-de habarlary ýerleşdirmek arkaly türkmen habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim bolandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, Türkmenistanyň gazananlaryny beýan etmek boýunça işler giň gerime eýe boldy.
Duşuşygyň barşynda bilelikde geçirilýän işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigine, dünýä giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň has-da artmagyna we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň habarlar giňişliginiň ösmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna doly kybap gelýär.