2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Pudagara iş toparynyň 3-nji mejlisiň işine, iş toparynyň düzümine gatnaşýan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň jogapkär wekillerinden başga, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanda halkara awtoulagly daşaýjylaryň assosiasiýasynyň (THADA) wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda, Pudagara toparyň düzümine girýän döwlet gözegçilik edaralarynyň işi babatynda geçirilen seljerme boýunça, BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň hünärmeni tarapyndan taýýarlanan deslapky maglumaty ara alyp maslahatlaşyldy.
Döwlet gözegçilik edaralarynyň degişli kanunçylyk namalaryna “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda üýtgetmeleri ýa-da goşmaçalary girizilmekliginiň zerurdygy barada bellenip geçildi.
Şeýle hem, mejlisde gatnaşyjylar tarapyndan, “Eksport-import amallarynda bir penjire” ulgamynda daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin işlini kämilleşdirmek we ýönekeýleşdirmek boýunça tekliplere seredildi.