Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň edara binasynyň mejlisler zalynda harby gullukçylarynyň we Telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýat agzalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda eksporta gönükdirilen harytlary öndürýän hususy kärhanalary we telekeçileri höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we harytlarymyzyň daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem eksport edijilere goldaw bermek arkaly eksportyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň maý aýynyň 21-ne işewürlik maslahaty geçirildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 14-nji maýynda gol çeken kararyna laýyklykda “Türkmenistana getirilende we onuň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän hem-de gümrük paçlary bellenýän harytlaryň sanawyny we gümrük paçlarynyň möçberlerini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykaran 9925-nji kararyna girizilen üýtgetmelere giňişleýin düşündiriş işleri, şeýle hem häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeler, sanly ykdysadyýeti maglumat giňişliginde, durmuş ulgamynda, ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynda ösdürmäge berýän mümkinçilikleri barada we sanly ulgamyň, internet torunyň we “ASYCUDA WORLD” atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň mümkinçilikleri barada giňişleýin durulyp geçildi.