Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar döwletiniň emiriniň arasynda gepleşikler gepleşikler geçirildi
9 Mar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar döwletiniň emiriniň arasynda gepleşikler gepleşikler geçirildi

2016-njy ýylyň 7-nji martynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn resmi sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ýokary derejedäki bu ikitaraplaýyn duşuşyk däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açyp, iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we giňeltmäge ymtylýandygyny tassyklady. Şol hyzmatdaşlygyň kuwwatyny amala aşyrmak umumy bähbitlere laýyk gelýär.

Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. 

Maliýe ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Katar Döwletiniň Maliýe ministrliginiň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek barada Ähtnama; Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama; Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy bilen Katar Döwletiniň Raýat Awiasiýasy Müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Howa gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.  

Kataryň Emiriniň Türkmenistana resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.