Habarlar

 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi
23 Apr
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi

2016-njy ýylyň 21-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi, oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli şu günlerde köpsanly köpçülikleýin çäreleriň guralýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleleriň we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda şu ýylyň maý aýynda bellenilýän baýramçylyklar: Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni hem-de soňky jaň dabarasy mynasybetli geçiriljek çärelere, şeýle hem olara gabatlanylyp açyljak durmuş-medeni maksatly desgalary ulanmaga bermek dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berildi. Bu baýramçylyklara dürli medeni çäreleriň uly maksatnamasynyň taýýarlanylandygy barada habar berildi.

Maý aýynda şeýle hem halkara ähmiýetli çäreleri, şol sanda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVI mejlisini, Türkmenistanyň Belarusdaky, Eýran Yslam Respublikasyndaky we Rumyniýadaky medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli maý aýynyň üçünji ongünlüginde Daşoguz welaýatynyň merkezinde Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň alymlarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahat we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçiriler.

Milli Liderimiz maý aýynda geçiriljek ähli çäreleriň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek halkara medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.