Habarlar

Ýurdumyzda Bedew baýramçylygy mynasybetli geçirilen çäreler
25 Apr
Ýurdumyzda Bedew baýramçylygy mynasybetli geçirilen çäreler

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramçylygy uly dabaralara beslendi. Behişdi bedewlere bagyşlanan çäreler bu ugur boýunça guralan sergileri, maslahatlary, çapyksuwarlaryň bäsleşiklerini, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda täze açyk manežiniň açylyşyny, Halkara ahalteke sport toplumynda guralan çäreleri we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Kärizek” geňeşliginde gurlan döwrebap Aba Annaýew obasynyň açylyş dabaralaryny özünde jemledi.

Paýtagtymyzda geçirilen Halkara ahalteke assosiasiýasynyň VI mejlisine, Halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VIII Halkara ylmy maslahatyna dünýäniň onlarça döwletlerinden wekiller gatnaşdy. 

23-nji aprelde Ahalteke atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, sungat eserlerinde behişdi bedewleri iň gowy wasp eden döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Ahalteke bedewleriniň arasynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ady almak ugrunda geçirilen gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip, Beghan atly bedew yglan edildi we onuň seýsi P.Baýramdurdyýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — ýeňil awtoulagyň açary hem-de göçme kubok we Aba Annaýew obasyndaky täze ýaşaýyş jaýynyň açary gowşuryldy.





           24-nji aprelde bolsa Aşgabadyň golaýyndaky Halkara atçylyk sport toplumyna müňlerçe türkmenistanlylar, köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, daşary döwletlerden gelen wekiliýetleriň agzalary ýygnandylar.

    Bu ýerde giň möçberli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Ol halkyň ruhy galkynyşyny, giň möçberli dabaralary özünde jemläp, ýokary döwlet derejesine eýe boldy hem-de milli däpleriň özboluşlylygyny, gözelligini, halkymyzyň gadymy geçmişi, häzirki durmuşy we geljekki rowaçlyklary bir ýere jemlendi. 

    Toplumyň çäginde milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, halk senetkärçilik işleriniň, ahalteke bedewleriniň keşbi şekillendirilen surat eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. 





            Baýramçylyk mynasybetli geçirilen çapyşyklaryň bäşinjisinde dört we uly ýaşar bedewler 2200 metr aralyga goşuldylar. Çekeleşikli geçen bu çapyşykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna degişli Tamaly atly gara-dor bedew ikinji bolup geldi. Bellenilen aralyga 2 minut 30,8 sekunt wagt görkezen Tamalyny J.Hydyrow çapdy. Ýeňijileriň hatarynda Gümrük gullugyna hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýeňil awtoulag sowgat berildi.