Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
24 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2016-njy ýylyň 23-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş bankynyň ýolbaşçysy jenap Suma Çakrabartini kabul etdi.

Netijeli we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýewropanyň iri bankynyň ýolbaşçysy däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyp, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek hem-de möhüm ykdysady we bazar özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler pikir alyşmalaryň esasyny düzdi. 

Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş bankynyň baştutany häzirki wagtda Türkmenistanyň tutuş Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän aýratyn möhüm ornuny nygtap, ýolbaşçylyk edýän bankynyň uzakmöhletleýinlik we özara bähbit esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjek netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.