Habarlar

 Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
3 Iýun
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen bäş aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işleriniň netijelerine garaldy.

Mejlisde, oňa gatnaşyjy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň we görkezmeleriniň berjaý edilişi barada hasabat berdiler. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew hasabatyň çäklerinde häzirki döwürde Türkmenistanyň iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezine öwrülýändigini, şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän ulaglarynyň sanynyň yzygiderli artýandygyny aýdyp, gümrük çärelerini döwrebap alyp barmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada habar berdi.  

Döwlet Baştutanymyz gullugyň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny nygtap, ýurdumyzyň serhetlerinden geçýän ýükleri örän ünsli gözden geçirmegi üpjün etmek boýunça hemme çäreleri  görmegiň, şeýle-de  işgärleriň wezipe borçlaryny birkemsiz berjaý etmelidiklerine düzümleriň ählisinde düzgün-tertibi güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezi hökmünde ykrar edilýändigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara ülňülerine we kabul edilen umumy kadalara laýyk derejede alnyp barylmalydygyny aýratyn belledi.   

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijelerini jemläp, ýurdumyzda saklanylýan parahatçylygyň we asudalygyň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň esaslaryny, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini belledi. Milli Liderimiz geçirilýän düýpli harby özgertmeleriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ähmiýetini aýratyn nygtap, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýokary hünärli hünärmenleri  taýýarlamaga hem-de edermen Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga  döwletimiziň mundan beýläk-de ilkinji derejeli üns berjekdigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginde ýurdumyzyň harby we hukuk edaralarynda möhüm ornuň degişidigini belläp, meýilleşdirilen çärelere, aýratyn-da dabaraly harby ýörişe degişli düzümleriň ýokary derejede taýýarlyk görmegi barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.