Habar

Halkymyzyň we her bir raýatyň saglygy baradaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak hem-de berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetildi, uly üstünlikler gazanyldy. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda lukmançylyk, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk ugruna degişli täze desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki zaman şypahanalarynyň enjamlaşdyrylyşy we olarda hödürlenilýän hyzmatlar ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýär.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynda dynç alýanlar hem-de şypahananyň işgärleri bilen görşüp, olaryň saglyk ýagdaýlary, bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandy.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň çäklerinde bar bolan mineral suwlaryň, bejeriş häsiýetli palçyklaryň aýratynlyklary, şypahana bejergisiniň dürli ugurlary ylmy esasda öwrenilip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynyň bejerijilik ukyby ýokary derejä eýe bolan mineral suwunyň adam bedenine täsiri barada anyk maglumatlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz şypahananyň tebigy aýratynlyklary, umuman, bu künjegiň ýakymly howa gurşawynyň özboluşlylygy barada aýdyp, onuň ägirt uly bejerijilik ukybynyň bardygyny belledi.

Şypahanada saglygyny berkidýän adamlar bu ýere gelýänleriň sanynyň barha köpelýändigini, şypahanada bejergi almaga isleg bildirýänleriň artýandygyny nazara alyp, Gahryman Arkadagymyzdan şypahanada ýene bir binany gurup bermek baradaky ýüztutmalaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýetirmegini haýyş etdiler. Hormatly Arkadagymyz olaryň haýyşyny bitirjekdigini aýdyp, “Arçman” şypahanasynyň özboluşly taryhy, onuň ösüşiniň tapgyrlary barada gürrüň berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinde işlän döwürlerinde Arçmanda täze önümçilik we senagat kärhanalaryny gurmak baradaky çözgüt kabul edildi. Şonda Gahryman Arkadagymyz bu çözgüt bilen ylalaşman, senagat toplumlarynyň “Arçman” şypahanasynyň çeşmesine ýaramaz täsir etjekdigini mälim edýär. Ýöne muňa garamazdan, 1998-1999-njy ýyllarda bu ýerde gurluşyklar başlanýar. Şolaryň netijesinde “Arçman” şypahanasynyň çeşmesiniň gözi ýapylýar.

Türkmenistanyň şol wagtky saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň şypahananyň çeşmesiniň kesilmegine sebäp bolandygyny ylmy taýdan esaslandyryp, Türkmenistanyň Prezidentine degişli mazmundaky haty ýollaýar. Onuň netijesinde gurluşyk togtadylýar. Şondan 2-3 ýyl geçensoň, şypahananyň çeşmesi açylyp, akyp başlaýar.

Şeýlelikde, bu ýerde gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda giň gerimli işlere badalga berilýär. 2009-njy ýylda Arçmanda 400 orunlyk täze bina gurulýar. Şypahana 7 kilometr uzaklykdan agyz suwy çekilýär we giň gerimli abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlandyrylýar. Mundan başga-da, şypahananyň çäklerinde Saglyk ýoly çekilýär. Bu bolsa adamlaryň saglygyny berkitmek işleriniň şypahananyň melhem suwy hem-de bejerişiň sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrylmagyny üpjün edýär.

Dynç alýanlar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ilatyň saglygyny dikeltmek hem-de berkitmek ugrunda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynda adamlaryň saglygy, olaryň bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigini belledi. “Halkyň islegi — döwletiň islegi” diýen paýhasly jümläni aýdyp, milli Liderimiz adamlaryň şypahananyň çägini giňeltmek baradaky haýyşlaryny nazarda tutup, şypahananyň we onuň mineral suwunyň mümkinçilikleriniň ylmy taýdan düýpli öwrenilip, gelnen netijä laýyklykda, bu ýerde 200 ýa-da 400 orunlyk binany gurmak boýunça teklibiň taýýarlanyljakdygyny, onuň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýetiriljekdigini nygtady.