Habar

Düýn paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldamagynda döredilen zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Onuň ýakynda “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşinde Aşgabatda geçirilen Parlamentara forumyň yzysüre guralmagy häzirki köptaraplaýyn duşuşyga aýratyn ähmiýet berýär.

Bu forumlar sebit gatnaşyklaryny hem-de birek-birege ynamy, dostlukly gatnaşyklary we raýdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, gender deňligini ilerletmek hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek babatda hökümetlere kömek bermek üçin uly mümkinçilik açýar. Zenanlaryň dialogy resmi däl maslahatlaşmagyň görnüşi hökmünde eýýäm öz netijeliligini görkezdi.

Aşgabatda zenanlaryň forumyny geçirmek başlangyjy bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edipdi. Şu ýyl biziň ýurdumyz dialoga başlyklyk edýär.

Türkmenistanda zenanlaryň dialogyny geçirmek tejribesiniň bardygyny ýatlamak ýerliklidir. 2021-nji ýylyň awgust aýynda şeýle forumyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebit görnüşi geçirilipdi.

Zenanlar barada alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň syýasy ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda “Dialog — parahatçylygyň kepili” hökmünde kesgitlenilen filosofiýa eýermek bilen, gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky hereketleri halkara derejede, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda goldaw tapýar. Ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasyna hem-de BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (“BMG — Zenanlar”) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy bu ulgamda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm bolan gender meselesini çözmekde Türkmenistanyň gazananlary aýdyňdyr. Munuň köp sanly mysallarynyň hatarynda türkmen jemgyýetiniň zenanlarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyny belläp bolar. “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Kanun zenanlaryň hem-de erkekleriň hökümet düzümlerine, öz işewürligini ösdürmäge sazlaşykly gatnaşmagynyň möhüm hukuk gurallaryny we olary gazanmagyň kepilliklerini düzgünleşdirýär. 2020-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistan 2021 — 2025-nji ýyllarda gender deňligi boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny kabul etdi. Bu eýýäm ikinji resminama bolup, onda zenanlar üçin ählumumy pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirleri göz öňünde tutulýar hem-de bu ulgamda öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin ilkinji nobatdaky çäreler bellenildi.

Biziň zenanlarymyz örän uly döredijilik kuwwatyna eýe bolup, dürli pudaklarda hem-de ýokary ýolbaşçy wezipelerde zähmet çekýärler, telekeçilik bilen işjeň meşgullanýarlar, ösüp gelýän nesilleri parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda terbiýelemäge, ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga gatnaşýarlar.

Türkmen zenanynyň jemgyýetde eýeleýän ornunyň ýokarydygyna ýurdumyzyň yzygiderli demokratiýalaşdyrylýandygy hem şaýatlyk edýär. Jemgyýetiň sagdynlygynyň möhüm görkezijileriniň hatarynda onuň çagalar we eneler baradaky aladasynyň derejesi, maşgala gymmatlyklarynyň berkligi, köp çagaly maşgalalara kömek bar. Şu işlerde demokratik gymmatlyklar hem-de milli däpler öz beýanyny tapýar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy görnüşindäki bu duşuşyk dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary hem-de iri guramalary, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen oňyn gatnaşyklary işjeň ösdürýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşyk Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi.

Bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogynyň umumy mejlisi geçirildi.

Forumyň açylyş dabarasynda bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda dialogyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllyk şanly senesiniň öň ýanynda geçirilmeginiň çuň many-mazmuna eýedigi bellenildi.

“Dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli gymmatlyklarydyr. Gözbaşyny gadymdan gelýän taryhy köklerden, ruhy-medeni gymmatlyklaryň, däp-dessurlaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk doganlyk halklar bilen gatnaşyklaryň binýady bolup durýar. Biziň halklarymyzy gadymdan gelýän taryhy kökler, hoşniýetli dostluk, doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.

Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge däl, eýsem, tutuşlygyna bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga täzeden itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa umumy mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, şu ýyl dialoga türkmen tarapynyň başlyklyk edýändigini aýtdy. Ol 2020-nji ýylyň dekabrynda döredilen dialogyň pikir we tejribe, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek, jemgyýetiň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer durmuşyna gatnaşmagynyň derejesini ýokarlandyrmak işinde iň oňat dünýä tejribesini alyşmak üçin netijeli çärä öwrülýändigini belledi.

Mejlisiň ýolbaşçysy giňişleýin düzümde geçýän dialogyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanandygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň durmuş tejribesi, oňyn döwrebap başlangyçlary, gymmatly maslahatlary parlamentleriň işini kämilleşdirmäge, sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen parlamentara gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň «МПА СНГ. 30 лет» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmekde alyp barýan giň gerimli işleriniň ykrar edilýändiginiň nyşany boldy diýip, Mejlisiň Başlygy belledi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny dialoga gatnaşyjy zenanlaryň ählisiniň adyndan bu ajaýyp waka bilen gutlady.

G.Mämmedowa häzirki halkara çäreleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň baýram edilmeginiň öň ýanynda hem-de ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýändigini belläp, sebitiň ýurtlarynyň ösmegine ýardam edýän ýakynlaşma işleriniň oňyn häsiýetini nygtady. Anyk ileri tutulýan ugurlarda, şol sanda gender deňligi we durnukly ösüş meselelerinde hyzmatdaşlygy ilerledip, biziň ýurtlarymyz bütin dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak işine uly goşant goşýarlar diýip, Mejlisiň Başlygy belledi.

Bitarap döwlet bolmak bilen Türkmenistan häzir energetika, ekologiýa, lukmançylyk we medeni diplomatiýany aýratyn işjeňleşdirýär. Biziň ýurdumyz “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasynyň, tejribeleriň alşylmagynyň hem-de kanunçylyk we döwlet syýasaty derejesinde ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn ähmiýet berýär.

Bellenilişi ýaly, dialog hyzmatdaşlygyň, sebitde zenanlaryň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň, parahatçylyk, durnuklylyk hem-de oňyn ösüş bilen baglanyşykly meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek işine has uly täsir etmek üçin olara mümkinçilikleriň berilmegini goldamaga gönükdirilendir.

Türkmenistanda zenanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde uly orun eýeleýär. Biziň zenanlarymyz yhlasly işleri hem-de täze pikirleri bilen howanyň üýtgemeginiň ýaramaz tasirleri, daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy ýaly ählumumy wehimlere garşy göreşmekde hem-de durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüş, saglygy goraýyş we bilim baradaky möhüm meseleleriň çözülmegine goşant goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen dostluk we ynanyşmak syýasatyny geljekde-de alyp barjakdygyny belleýär diýip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy nygtady hem-de dialoga gatnaşyjylaryň adyndan forumyň işini goldaýandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Mejlisiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, GDA ýurtlarynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko söz berip, dialoga gatnaşyjy zenanlaryň ählisiniň adyndan rus parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny oňa Türkmenistanyň döwlet sylagynyň — “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen ordeniň gowşurylmagy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür we ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, GDA ýurtlarynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko gutlag sözi bilen çykyş edip, Aşgabatda geçirilýän ähmiýetli çärelere gatnaşmaga rus wekiliýetiniň çagyrylandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.

Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ýakynda geçirilen Parlamentara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi. Onuň sözlerine görä, Sekretariatyny Aşgabatda ýerleşdirmek bilen bu çärä yzygiderli häsiýet bermek baradaky başlangyç goldanyldy.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy sebit we dünýä derejesindäki gün tertibinde durýan möhüm meseleleriň çözülmeginde zenanlaryň eýeleýän barha artýan ornuny nygtap, häzir zenanlaryň döredijilik maksadynyň hemme döwürlerdäkiden möhümdigini, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň zenanlar dialogynyň işiniň bolsa munuň subutnamasydygyny belledi.

“Bu görnüşdäki duşuşygyň hut göni, hakyky, hünär derejeli gatnaşykly adynyň özünde hem durmuşyň görkezişi ýaly, ähli halklar we ýurtlar üçin umumy bolan ýiti meseleleriň çözgüdi jemlenýär” diýip, W.Matwiýenko aýtdy.

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Baştutany dialogyň gurluşyna BMG-niň edaralarynyň gatnaşmagyna, zenanlaryň sebit birleşiginiň başlangyçlaryny we hereketlerini olaryň goldamagyna ünsi çekdi.

W.Matwiýenko gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, meýilleşdirilen işleriň amala aşyrylmagynyň üstünlige beslenjekdigine ynam bildirip, munuň girewi hökmünde şu günki foruma gatnaşyjy zenanlaryň yhlasynyň, liderlik, iş alyp barmaga hyjuw häsiýetleriniň bardygyny görkezdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German Aşgabatda şu çäräni geçirmek başlangyjy we döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Sebitiň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän bu çäräniň özboluşlydygy nygtaldy. Bu sebit döwletleriniň Liderleriniň hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisiniň meseleleriň hemme ugurlary boýunça işlemäge syýasy erkini görkezýär. Şol meseleler zenanlaryň ykdysady mümkinçilikden başlap, parahatçylykly durmuşy gurmak işlerine gatnaşmagyna çenli meseleleri öz içine alyp, jemgyýetde eýeleýän orunlaryna degişlidir.

Dialogyň ýokary derejeli çäreler bilen ýakyndan utgaşyklykda geçirilmeginiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Natalýa German sözüni dowam edip, bu ýagdaýyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleriniň gender deňligini gazanmaga, zenanlaryň jemgyýetleriň syýasy, jemgyýetçilik we ykdysady durmuşa deňhukukly gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmegiň möhümdigine aýratyn ähmiýet berýändiginiň tassyknamasydygyny aýtdy.

Dialog eýýäm dünýä derejesinde özüni görkezdi. Şu ýyl bu düzüme wekilçilik edýän zenanlaryň halkara we sebit derejelerindäki birnäçe möhüm duşuşyklara, şol sanda Duşenbede “Suw durnukly ösüş üçin” atly Halkara Hereketleriň onýyllygy boýunça ýokary derejeli ikinji konferensiýanyň çäklerinde Zenanlaryň suw forumyna, Daşkentde ŞHG-niň zenanlarynyň forumyna hem-de BMG-niň parahatçylykly durmuşy gurmak baradaky Komissiýasynyň mejlisine gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Ýörite wekilli BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň we Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň zenanlaryň dialogyny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny tassyklap, bilelikdäki tagallalar arkaly bu başlangyjyň uly kuwwatynyň amala aşyryljakdygyna, zenanlaryň wekilleriniň gatnaşmagyny ilerletmek, olaryň ählumumy wehimlere, şol sanda howanyň üýtgemegine we daşky gurşawyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna garşy hereket etmekde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça täze sepgitlere ýetiljekdigine ynam bildirdi.

Soňra bu ýere ýygnananlara BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hemmeleri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit direktory Marýan Spolýariç Eggeriň adyndan mübärekledi.

Şu günki forum aýratyn ähmiýete eýe bolup, bu düzümiň işini hil taýdan täze derejä çykarýar. Biz Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň durmuş-ykdysady, syýasy taýdan eýeleýän ornuna uly ähmiýet berýäris. Olar esasy maksatlara, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin jemgyýetlerde bolup geçýän özgertmelere täsir edip we olary dolandyryp hem-de sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy goldamaga gatnaşyp bilýärler diýip, Narine Saakýan nygtady.

Şonuň bilen birlikde, ol gender ösüşine päsgelçilik döredýän häzirki döwrüň meseleleri barada aýdyp, onlaýn bilim bermäge, işlemäge we gatnaşyk saklamaga ýol açýan sanly tehnologiýalary özleşdirmäge zenanlaryň giňden gatnaşmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şu we ýüze çykýan beýleki ýagdaýlar BMGÖM-niň gender deňligini üpjün etmek boýunça ýakynda kabul edilen ählumumy strategiýasy üçin binýat bolyp hyzmat etdi. Şol strategiýada dürli ugurlarda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge degişli ileri tutulýan ugurlaryň altysy bellenildi.

Abraýly guramanyň wekili milli ileri tutulýan ugurlaryň hem-de ösüşlere beslenen özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde BMGÖM-niň Merkezi Aziýa döwletlerine mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny tassyklap, Merkezi Aziýada gender meselesini ilerletmek boýunça dialogyň netijelidigini belledi.

Dünýä üçin howanyň üýtgemeginiň meseleleriniň çözgüdinden başlap, ykdysadyýetleriň dikeldilmegine çenli örän möhüm meseleleri çözmäge zenanlaryň zehini, pikir-garaýşy we liderlik häsiýetleri zerurdyr. Zenanlar syýasatda eýeleýän güýçli orny hem-de ykdysady taýdan garaşsyzlygy bilen täzelikleri girizip, ýolbaşçylyk edip, uýgunlaşyp we döredip bilýärler. Biz mundan beýläk-de sebitiň, şol sanda şu ýere ýygnanan zenanlaryň bilimlerini hem-de tejribesini dünýäni gowulyga tarap özgertmegi dowam etmek üçin ulanarys diýip, BMGÖM-niň wekili aýtdy.

Forumyň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, umumy mejlis geçirilip, onuň barşynda sebitiň ýurtlarynda gender deňligini ilerletmek meselelerine hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki meýilnamalaryna garaldy.

Duşuşyga gatnaşyjy zenanlar dürli ählumumy hem-de Merkezi Aziýa toparlarynyň we Russiýanyň sebit guramalarynyňdyr birleşmeleriniň tejribesi bilen tanyşdylar. Munuň özi zenanlaryň syýasy we durmuş taýdan eýeleýän ornunyň has-da pugtalandyrylmagyny gazanmaga, sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly wajyp meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek işine täsir etmegiň mümkinçiligini giňeltmäge goldaw bermek üçin zerurdyr.

Plenar mejlisiň dowamynda çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mejlisiniň durmuş-medeni ösüşi boýunça komitetiniň başlygy Jamila Nurmanbetowa, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragynyň orunbasary Jamilýa Isaýewa, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Galina Karelowa, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgalanyň işleri boýunça komitetiň başlygy Hilolbi Kurbanzoda, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň hem-de Russiýanyň milli tejribesi, wekilçilik edýän ýurtlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, kanunçylyk we institusion esaslary kemala getirmek hem-de pugtalandyrmak arkaly gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrdylar.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, syýasatyň bu ugurda gazananlaryny, zenanlaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini gorap saklamak, olaryň syýasy-ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky möhüm meseleler boýunça çözgütleri kabul etmekde ornuny işjeňleşdirmek üçin döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna zenanlaryň gatnaşygyny ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar umumy bähbitlere laýyk gelýän sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça täze pikirleri we teklipleri öňe sürdüler.

Hususan-da, çykyşlaryň dowamynda türkmen tarapynyň Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogynyň çäklerinde medeni mirasymyzy gorap saklamak, kämilleşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, el işleri bilen meşgullanýan zenanlaryň sebit jemgyýetini döretmek baradaky başlangyjy diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň şu ýylyň maý aýynda Buhara şäherinde Halkara keşde festiwalyny geçirmek baradaky başlangyjynyň möhümdigi bellenildi.

Forumyň wekilleriniň umumy pikirine görä, bilelikde goýlan binýadyň Merkezi Aziýanyň hem-de Russiýanyň zenanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, şol sanda döwleti dolandyrmakda, öňüni alyş diplomatiýasynda, daşky gurşawy goramakda, telekeçilikde we işewürlikde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sungatda, saglygy goraýyşda, sportda, ýaşlary goldamakda, syýahatçylygy, maglumat tehnologiýalaryny we sanly ulgamy ösdürmekde, gender deňligini üpjün etmekde hyzmatdaşlyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Çykyşlarda sebitiň döwletleriniň hem-de Russiýanyň zenanlarynyň döredijilik we parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin netijeli ýollary işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan işleriň netijeleri barada habar berildi. Şol netijeler döwletlerimiziň zenanlar üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmäge jogapkärli çemeleşýändiklerini tutuş dünýä görkezmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy resminamalarynyň ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýändikleriniň subutnamasy boldy.

Ýygnananlar şu günki duşuşygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” Ählumumy Gün tertibiniň, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň, Ählumumy maksatlara ýetmek boýunça hereketleriň Onýyllygynyň, Pekin Jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň, BMG-niň howandarlygynda kabul edilen beýleki köptaraplaýyn halkara resminamalaryň maksatlaryna ýetmek üçin sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ýolunda möhüm ädim boljakdygyny nygtadylar. Bu resminamalarda gender deňliginiň diňe bir esasy adam hukuklarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, abadançylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýandygy bellenilýär.

Dialogyň çäklerinde amala aşyrylan giň möçberli işleriň netijeleri Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýanyň zenanlarynyň döredijilik we parahatçylyk döredijilik kuwwatyny has doly amala aşyrmak üçin netijeli ýollary işläp taýýarlamaga, bu mümkinçilikleri ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi pugtalandyrmaga ulanmakda ýardam berer.

Forumyň netijeleri boýunça Jarnama kabul edildi. Jarnama özünde gender deňligini üpjün etmek hem-de döwletiň syýasy we ykdysady durmuşyna, telekeçiligi ösdürmäge zenanlaryň gatnaşygyny giňeltmek üçin milli hem-de sebit derejelerinde amala aşyrylmaly işler babatda maslahatlary jemleýär. Şeýle hem resminamada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň köptaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmekde ýardam bermäge zenanlaryň dialogynyň taýýardygy bellenilýär.

Foruma gatnaşyjylar dialogyň Düzgünnamasyna hem-de 2022-nji ýyl üçin işleriň Meýilnamasyna gol çekdiler. Meýilnama Türkmenistanda we dialoga gatnaşyjy beýleki ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli derejelerdäki çäreleri özünde jemleýär. Bu resminamalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň şu ýylyň 12-nji aprelinde sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde tassyklanyldy.

Oňa gatnaşyjylar foruma gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlaryna Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogyny guramaga goldawy üçin hoşallyk bildirip, şu duşuşygyň dostlukly ýurtlaryň netijeli gender syýasatyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge mundan beýläk-de aýratyn üns bermäge çalyşýandyklarynyň subutnamasy bolandygyny nygtadylar.

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylar Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezine bardylar. Olar bu ýerde milli däp-dessurlary, halklaryň ruhy hem-de medeni mirasyny gorap saklaýan zenanlaryň ussatlygyny we ukyplaryny, olaryň döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryndaky eýeleýän orunlaryny hem-de ýeten sepgitlerini beýan edýän giň möçberli sergi bilen tanyşdylar.

Sergä gymmatlyklar toplumyny görkezýänleriň 50-si gatnaşyp, olardan 6-sy milli bölümler, 11-si ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, 33-si bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň diwarlyklarydyr.

Sergide uludan tutulýan türkmen toýunyň ýagdaýy emele geldi. Döwlet simfonik orkestriniň sazandalarynyň, halk bagşylarynyň we meşhur aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary çäräniň dabarasyny has-da artdyrdy.

Uly ekranda zenanlaryň parahatçylyk döredijilikli orny barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Sebitiň döwletleriniň we Russiýanyň milli lybaslaryndaky alty gyz meýdançanyň merkezinde forumyň nyşanyny emele getirýän gülli kompozisiýany düzýärler. Gülli kompozisiýada ýerleşdirilen parahatçylyk kepderisi görnüşindäki şekil ajaýyp zenanlaryň keşbi bilen baglanyşykly gözellik duýgusyny döredýär.

Foruma gatnaşyjylar milli bölümler bilen tanyşdylar. Şolarda sebitiň ýurtlaryna we Russiýa mahsus däp-dessurlar, milli geýimler, zenanlaryň el işleri, sowgatlyklar, kitaplar görkezildi. Milli gymmatlyklaryň goralyp saklanylmagy hem-de baýlaşdyrylmagy özünde parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine halklary birleşdirmek üçin tükeniksiz mümkinçilikleri jemleýär. Bu pikir baýramçylyk sergisindäki baş taglym boldy.

Serginiň çaphana önümleri üçin niýetlenilen bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty, ruhy gymmatlyklary barada gürrüň berýän eserleri, şeýle hem foruma gatnaşyjy ýurtlardan awtorlaryň çeper eserleri görkezildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň diwarlygynda gadymy milli lybaslar, ajaýyp halylar, zergärçilik önümleri, halk senetçileriniň işleri, öý hojalyk esbaplary, gadymy medeniýetimize degişli gymmatlyklar görkezildi.

Sergide görkezilen ajaýyp milli halylarda we el işlerinde, saz gurallarynda, ussat zergärleriň önümlerinde, suratkeşleriň hem-de heýkeltaraşlaryň işlerinde türkmen halkynyň ruhy öz beýanyny tapýar.

Sergide türkmen halkynyň gadymy zähmet gurallary, tara, milli lybaslaryň, halylaryň we keçeleriň, şaý-sepleriň taýýarlanylyşy, el işleriniň nusgalary görkezildi. Türkmen zenanlary gadymdan bäri alaja örüpdirler, jähek, aldymgaç çalypdyrlar. El işiniň bu nusgalary bu gün hem gyzlaryň we zenanlaryň arasynda meşhurdyr. El işleri müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip, türkmen zenanynyň buýsanjyna we şöhratyna öwrüldi.

Milli lybaslar toplumy, çeper elli zenanlar tarapyndan dokalan haly önümleri, agaçdan we ýüpekden işlenilip taýýarlanylan nepis işler myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Suratkeşleriň döreden eserlerinde hem-de fotosuratlarda türkmen zenanynyň keşbi bilen aýrylmaz baglanyşykly, ruhy asyllylyk we wepalylyk, çäksiz söýgi hem-de näziklik, myhmansöýerlik we köp sanly beýleki ajaýyp häsiýetler beýan edilýär.

Mälim bolşy ýaly, köpasyrlyk tejribä we baý däp-dessurlara eýe bolan medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki zaman gatnaşyklarynda gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklaryna daýanmak biziň halklarymyzy birleşdirýär hem-de şol ýörelgeleri gorap saklamak we baýlaşdyrmak meýillerini beýan edýär.

Däp boýunça baýramçylyk sergisinde Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem uly islegden peýdalanýan ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň önümleri giňden görkezildi.

Myhmanlara derman otlardan taýýarlanan çaýlaryň dürli görnüşleri, sahawatly türkmen topragynyň naz-nygmatlary, milli türkmen tagamlary hem-de köke-süýji önümleri hödür edildi.

Işewür zenanlar tarapyndan hödürlenilýän dürli görnüşli önümler we hyzmatlar, şol sanda bu serginiň iň meşhur gymmatlyklarynyň birine öwrülen ajaýyp güller türkmen telekeçileriniň üstünlikleriniň köpöwüşginli subutnamasydyr.

Paýtagtymyzyň Modeller öýi hem-de hususy modeller öýleri ýurdumyzda öndürilen matalardan taýýarlanylan milli lybaslaryň täze toplumlaryny görkezdiler, olaryň her birini sungat eserleri bilen deňeşdirip bolar. Lybaslaryň görkezilýän ýeri milli keşdeler, dürli nagyşlar bilen bezelipdir.

Sport ulgamynda gazanylan ýeňişler barada gürrüň berýän dürli şekiller türkmen zenanlarynyň häzirki döwürde gazananlaryny beýan edýär. Özleriniň batyrgaýlygy hem-de çeýeligi bilen haýran galdyrýan türkmen çapyksuwar zenanlarynyň dürli ýaryşlarda mynasyp bolan sylaglary aýratyn ünsi çekýär.

Sirk sungaty boýunça dürli halkara festiwallaryň kuboklaryna we baýraklaryna mynasyp bolan meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çapyksuwarlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren dürli tilsimleri foruma gatnaşyjylary haýran galdyrdy. Bu çykyşlar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkeziniň açyk meýdançasynda guraldy.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna ahalteke atşynaslyk sungatyny, türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny hem-de milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny wagyz etmekde aýratyn orun degişlidir.

Bu topar her bir çykyşynda at üstündäki attraksionlary, akrobatiki we gimnastiki tilsimleri, at çapmagyň ýokary ussatlygy hem-de esasy zat, adamlaryň we bedewleriň hereketleriniň jebis, doly sazlaşygy bilen tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar.

Ajaýyp bedewleriň çalasynlygy, täsin çeýeligi, milli lybasdaky ýigitleriň we gyzlaryň gaýduwsyzlygy çykyşlara şowhunly el çarpyşmalar arkaly ýokary baha beren tomaşaçylary özüne bendi etdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtyna gelip görmäge, häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de türkmen halkynyň baý medeniýeti bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.