Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
5 Okt
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda  Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de asudalygyň bähbidine şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriniň jemlerine garaldy.

Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we hukuk goraýjy düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, olaryň ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän edarasynyň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleri  hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu gullugyň işini guramak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat  berdi. Soňky döwürde Türkmenistanyň  sebitde möhüm  ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesini barha pugtalandyrýandygyny belläp, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy bu ugurda degişli çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. 

Milli Liderimiz ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň işi we durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmek meselelerine mundan beýläk hem aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, gümrük gullugynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda ýurdumyza getirilýän önümleriň  hil babatda bellenen standartlara laýyk gelýändigini içgin barlamak boýunça görkezmeleri berdi. Şunda döwrebap tehnologiýalary  ulanmagyň, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň barlag-geçiriş nokatlarynyň işgärleri üçin degişli usulyýet we amaly sapaklary yzygiderli geçirmegiň hasabyna iş usullaryny kämilleşdirmegiň wajypdygy belledi. 

Ýurdumyzyň dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýändigini, şeýlelikde, Türkmenistanyň halkara giňişliginiň ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesiniň pugtalanýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň alyp barýan işleriniň döwrüň talabyna we ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. 

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meseleleriň hem birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasynda duran parahatçylyksöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrjakdygyny, Watan goragçylarynyň netijeli zähmet çekmegi hem-de mynasyp dynç almagy üçin ähli şertleri döredip, harby gullukçylar barada alada etjekdigini belledi.