Habarlar

 Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertine gatnaşdy
27 Okt
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertine gatnaşdy

    2016-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan döwlet konserti geçirildi. Sungat ussatlarynyň guran bu baýramçylyk konsertine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. 

    Garaşsyzlyk güni özygtyýarly ösüşiň çärýek asyry döwründe ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny äşgär edýän beýik baýramçylykdyr. Baýramçylyk konsertinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlar milli sungatyň häzirki zaman güýjüni, onuň ugurlarynyň köp öwüşginliligini, şeýle hem ussat ýerine ýetirijileriň döredijilik gözleglerini beýan etdi.

    Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylyk we dostluk ýörelgeleri beýan edilýän birnäçe saz eserleriniň awtorydyr.   Şu ýylyň tomsunda, dynç günleriniň birinde özüniň agtyklary bilen milli Liderimiz “Kalbymda sen” atly aýdymly sazyny ýazyp gutardy. Arkadagyň ýaşlykdan kalbynda göteren bu aýdymy diňleýjileriň göwnünden turdy we bu günki konsertde hem ýaňlandy.  Konserti alyp baryjynyň belleýşi ýaly, şol gün milli Liderimiz ýene bir täze saz eserini döretdi. Halkymyz bu ajaýyp mukama sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şu gün bolsa täze saz eseriniň sözleri peýda bolup, ýaşlygyň we bagtyýarlygyň senasyny janlandyran täze aýdym eşidildi.  

    “Öňe! Diňe öňe, jan Watanym – Türkmenistan!” atly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sazyna we belent ruha beslenen goşgusyna döredilen bu aýdym konsertiň jemini jemledi. Konserte gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren bu aýdymy her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine we umumymilli baýramçylyklara beslenýän mähriban Watanymyzyň senasyna öwrüldi. Ol halkymyzyň mähriban Watanymyzyň bagtly eýýamyna, hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda  ýagty geljege gadam urýan ýurdumyza bolsa buýsanjyny alamatlandyrdy.  

    Konserte gatnaşyjylar bu aýdymy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olar Garaşsyz, Bitarap Watanymyza çuňňur buýsanjy alamatlandyrýan “Öňe! Diňe öňe, jan Watanym – Türkmenistan”, “Arkadaga şöhrat!” diýen şatlykly sözleri uly joşgun bilen gaýtaladylar.