Habar

Düýn asylly däbe görä, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu senäniň milli senenamamyzdaky baýramçylyklaryň hataryna girizilmegi Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygynyň, Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda tassyklanan esasy ugurlara ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Bu wajyp resminamany tassyklap, ýurdumyz öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini iş ýüzünde dünýä äşgär edýär. Döwlet syýasatynda halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary we jemgyýetimiziň oňyn garaýyşlary, paýhasly durmuş tejribeleri öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu asylly dessurlar mynasyp dowam etdirilip, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýaşajyk raýatlaryň abadançylygy we sazlaşykly ösmegi, saglyklaryny berkitmegi, ýokary hilli bilim almak mümkinçiligine eýe bolmaklary bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Şunuň bilen baglylykda, hossarlyga mätäç çagalara yzygiderli üns berilýär. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda şeýle gatnaşyklaryň anyk ugurlaryny döredipdir we ony nesilden-nesle geçirip gelýär. Häzirki döwürde bu ýörelgeler hukuk kepilliklerinden, hossarsyz galan çagalaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmekden ybarat ugurlarda öz beýanyny tapýar. Şeýle-de ýörite durmuş goldawyna mätäç çagalary durmuşa ugrukdyrmak, olary özbaşdak ýaşaýşa taýýarlamak boýunça hemmetaraplaýyn işler amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy şu babatda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Mejlisiň kararyna laýyklykda, oňa Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Gaznanyň bank hasabyna gelip gowuşýan pul serişdeleri ynsanperwer maksatlar üçin gönükdirilýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gazna tarapyndan durmuş goldawyna mätäç çagalara sowgat üçin 500 müň manat gönükdirildi.

Şu gün Gahryman Arkadagymyzyň hemaýaty, Arkadagly Serdarymyzyň sowgady çagalara, şol sanda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň bu ýerde bolmagy köşkdäki çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. Şu günki baýramçylyk çärelerine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çagalar bagtyýar durmuş ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi, özleriniň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygy üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen haýyr-sahawat çäreleri hem aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşdy. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ruhy-ahlak däplerine we umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklara esaslanýan, şeýle hem jemgyýetimizde deňeçer mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilen ýörelgeleri esasy ugur edinýän Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen jemgyýetinde ähli çagalara deň göz bilen garalýar. Şunuň bilen baglylykda, haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen pursadyndan bäri netijeli işleri geçirýändigini aýtmak gerek. Onuň ýanynda hereket edýän Ýaşulular geňeşi öňde goýlan wezipeleri we howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde gazna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, şeýle-de çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarynda terbiýelenýän, bilim alýan ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almaklary üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy.

Çagalaryň saglygyny goramak işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek, olary sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň çekmek ýaly möhüm meseleler Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýakynda paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen köpugurly hassahanalaryň çagalar bölümlerine baryp görmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk edaralarynda bejergi alýan çagalar bilen gürrüňdeşliginde olaryň saglyk ýagdaýy bilen içgin gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasyndan çagalaryň doly sagalmagy, öz deň-duşlary bilen eşretli durmuşyň hözirini görmekleri üçin zerur goldawlaryň beriljekdigini nygtady.

Ýurdumyzyň sagaldyş, okuw-dikeldiş edaralarynda terbiýelenýänleriň hem gaznanyň üns merkezinde durýandygy bellärliklidir. Çagalaryň terbiýelenmegi, bilim almaklary, saglyklaryny berkitmekleri we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulan şeýle edaralar ýurdumyzyň paýtagtynda, ähli welaýatlarda hereket edýär. Şeýlelikde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlarynyň abadançylygyny üpjün etmekde ägirt uly netijeleri gazanandygyny ynamly aýtmak bolar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, bilim almaklary, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin amatly şertler döredildi, degişli kanunçylyk binýady taýýarlanyldy. Döwrebap multimedia enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp çagalar baglary we mekdepler ýaş türkmenistanlylaryň ygtyýaryndadyr. Ýurdumyzda çagalaryň täze bilimleri ele almaklary, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, ukyp-başarnyklaryny açmaklary, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, zähmete uýgunlaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi. Tomus möwsüminiň başlanmagy bilen, mekdep okuwçylary Watanymyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda ajaýyp Gökderede, Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede dynç alyp bilerler, güýç-kuwwat toplarlar.

Bu işleriň ählisi her bir çaganyň alada bilen gurşalmagyny öz içine alýan we Watanymyzyň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşjak hemmetaraplaýyn bilimli, ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli ýaş nesilleriň kemala gelmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapdy.